10-njy iýunyň täleýnamasy

SalamNews

10 Iýun, 2024

Hamal (21.03 — 20.04)

Bu gün Hamallarda möhüm waka bolar. Belki, hemme zat munuň boljakdygyny öňünden görkezendir, ýöne näme üçindir siz muňa taýyn däldiňiz. Söýgiňizi beýan etmek, durmuşyňyzda täze bir zat döretmek üçin gowy gün.

Sowur (21.04 — 20.05)

Bu gün Sowur dynç alyp biler. Soňky günleriň işjeňliginden kanagatlanan bolmagyňyz mümkin. Sazlaşyklylyk, sabyr we rahatlyk üçin gowy gün.

Jöwza (21.05 — 21.06)

Bu gün Jöwzalar özlerini ýyldyzlar ýaly duýup bilerler. Bu hakyky meşhurlar üçin adaty bolup biler, emma ýönekeý adamlar üçin beýle däl. Sözleriňizi we hereketleriňizi derňemek üçin gowy gün.

Seretan (22.06 — 22.07)

Bu gün Seretanlar meseleleri çözmekden uzak bolarlar. Belki, kynçylyk çekmersiňiz. Dynç almak, oýlanmak, arassa howada seýil etmek üçin gowy gün.

Eset  (23.07 — 23.08)

Bu gün Esetler zatlara real seretmeli. Belki, reallyga gaýdyp geleniňizde, şeýle ýagdaýlarda nähili hereket etmelidigiňize düşünersiňiz. Çynlakaý temalarda pikir alyşmak üçin gowy gün.

Sünbüle (24.08 — 23.09)

Bu gün Sünbüle öz içki dünýäsunde gümra bolarlar. Içiňizdäki çuňňur bir ýerde döredijilik ruhy köşeşendir. Nostalgiýa we yzygiderlilik üçin gowy gün. 

Mizan (24.09 — 23.10)

Bu gün Mizanlar işjeň hereketler bilen gaýnap durarlar. Köpçüligiň öňünde gürlemäge we el çarpyşmalara öwrenişen bolmagyňyz mümkin. Çykyş etmeli bolsaňyzam yzygiderlilik we asudalyk üçin gowy gün.

Akrap (24.10 — 22.11)

Bu gün Akraplar üçin hysyrdyly gün bolar. Özüňiz şu ýerde hyýalyňyz bolsa, geçmişde bir ýerlerde ýörendir. Nostalgiýa duýgularyna berilmek, ýöne kämillik ýaşyna ýeten we güýçli adam hökmünde real durmuşa gaýdyp gelmek üçin gowy gün.

Kowus (23.11 — 21.12)

Kowuslaryň bu güni her dürli bolup biler. Köp zat saňa bagly bolar. Durnuklylyga alyp barjak yzygiderlilik, rahatlyk üçin gowy gün.

Jedi (22.12 — 20.01)

Bu gün Jedileri şöhratparazlyk duýgulary gününe goýmaz. Ruhuňyzy we kalbyňyzy doly arassalamak üçin bu häsiýetleri düýbünden ýatdan çykarmaly bolarsyňyz. Ýakynyňyz bilen dynç almak ýa-da maşgalaňyz bilen söhbetdeşlik üçin amatly gün.

Daluw (21.01 — 20.02)

Bu gün Daluwlar jemgyýetde beýlekilerden saýlanyp bilerler. Belki-de, buýsanç gowy zat, ýöne rugsat edileninden geçse, zyýan ýetirip biler. Arkaýyn bolmak we dynç almak üçin gowy gün.

Hut (21.02 —20.03)

Hutlar bu gün öz dünýäsinden çykyp, töweregine göz aýlasalar has gowy bolar. Belki, öz tanaýanlaryňyzdan başgalara-da göz aýlamalysyňyz. Söhbetdeş bolmak we täze tanyşlar tapmak üçin gowy gün.

Täleýnamalaryň umumy ugurlara esaslanyp döredilendigini we anyk wakalary ýa-da netijeleri çaklap bilmejekdigini ýadyňyzdan çykarmaň. Olar diňe her günki umumy ugry görkezip, degerli maslahatlary berýär. Hemişe bolşy ýaly, şahsy düşünjäňiz we erkinligiňiz tejribäňizi kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Size ýakymly we şowly gün arzuw edýäris!

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews