13-nji apreliň täleýnamasy

SalamNews

13 Aprel, 2024

2

Hamal  (21.03 — 20.04)

Bu gün hemmeleriň ünsüni özüňize çekmeli dälsiňiz, sebäbi ünsüni ceken adamlaryňyzyň arasynda görmek islemeýänleriňiziň bolmagy örän mümkindir.

Sowur (21.04 — 20.05)

Bu gün hemme zat şeýle bir oňat netije berer welin, geljekde hem şeýle ajaýyp netijä umyt edip, hereketleriňiziň yzygiderliligini ýazyp, belläp goýasyňyz geler.

Jöwza (21.05 — 21.06)

Häzirki wagtda islendik ownuk-uşak zatlar uly goh döredip biler. Öýden çykanyňyzda hemme zadyň tertiplidigine göz ýetiriň - ýatdan çykarylan kiçijik bir zat size günuzyn kelleagyry bolup biler.

Seretan (22.06 — 22.07)

Boş jedellere başlamagyň zerurlygy ýok. Olar siziň işiňize zyýan berip, köp gymmatly wagt alyp bilerler. Hakykatyň ornuny almanka biderek, ownuk zatlary süpürip başlamak has gowudyr.

Eset  (23.07 — 23.08)

Bu gün islän zadyňyzy arkaýyn talap edip bilersiňiz, islegleriňiziň esaslydygyny boýun alarlar, hatda kanagatlandyrylmak mümkinçiligi hem bar. Elbetde, sesiňizi galdyryp, aýaklaryňyzy basyp başlamasaňyz.

Sünbüle (24.08 — 23.09) 

Bu gün işleriňizde üstünlik gazanyp bilersiňiz. Bu üstünlik has ýakymly bolar, sebäbi ahyrky netije, garaşyşyňyz ýaly bolar.

Mizan (24.09 — 23.10)

Häzirki wagtda boljak zatlaryň hemmesine ünsli garalmaly we düýpli düşünjek bolmaly, sebäbi ýakyn wagtda bu möhüm ähmiýete eýe bolar.

Akrap (24.10 — 22.11)

Bu gün size Delf täleýçisine garan ýaly ýüzlenerler, maslahat sorarlar. Adamlaryň näme üçin sizden maslahat soraýandygyna düşünmeseňizem, olaryň nazarynda abraýly adam bolup galyň.

Kowus (23.11 — 21.12)

Bu gün öz saglyk meseleleriňize üns beriň. Häzir saglygyňyz barada oýlanyp wagt ýitiresiňiz gelmese, geljekde has köp zady ýitirersiňiz.

Jedi (22.12 — 20.01)

Bu gün daşardan bir ýerlerden howp abanmagy mümkin. Onuň bilen duşuşmaga taýyn däl bolsaňyz, ähli penjire-gapylary ýapyň we günüňizi öýde geçiriň.

Daluw (21.01 — 20.02)

Bu gün başga bir gün size düýbünden bolgusyz bir zat ýaly bolup görünjek  nämedir bir zady saýlap bilersiňiz. Belki şeýledir, ýöne näme üçin synap görmeli däl?

Hut (21.02 —20.03)

Bolýan zatlar hakyky däl ýaly bolup görünse-de, dostlar we garyndaşlar üçin kiçijik baýramçylyk guramagyň wagty geldi. Belki size dogry düşünmezlikleri hem mümkin...

Täleýnamalaryň umumy ugurlara esaslanyp döredilendigini we anyk wakalary ýa-da netijeleri çaklap bilmejekdigini ýadyňyzdan çykarmaň. Olar diňe her günki umumy ugry görkezip, degerli maslahatlary berýär. Hemişe bolşy ýaly, şahsy düşünjäňiz we erkinligiňiz tejribäňizi kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Size ýakymly we şowly gün arzuw edýäris!

 

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews