«Ýüpekçi»: Innowasiýalar, hil hem alkogolsyz içgileriň bazarynda öňdebaryjylyk

SalamNews

19 Mart, 2024

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan sergide alkogolsyz içgileriň önümçiliginde uly meşhurlyga eýe bolan «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýetiniň pawilýony hem hemmeleriň üns merkezinden ornuny tapdy. Döredilen wagtyndan — 2003-nji ýyldan bäri ýokary hilli önümleriň iň kämil nusgalaryny hödürläp gelýän kompaniýa öz işini innowasiýalar hem-de durnuklylyk bilen utgaşdyrýar. Munuň özi onuň diňe içerki bazarda däl, eýsem, dünýä bazarynda hem ykrar edilmegini şertlendirýär.  

«Ýüpekçi» içerki bazarda hem-de halkara giňişliginde bäsdeşlige ukyply önümleriň hem-de uly islege eýe bolan brendleriň birnäçesini özünde jemleýär. «Bold» markaly önümler energetiki içgileriň bazarynda hil aýratynlygy boýunça dünýä derejesindäki abraýly baýraklaryň birnäçesini gazandy.   

«Ýüpekçi» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri baý tejribeleri hem-de işleriniň ýokary netijeliligi bilen giňden tanalýarlar. Hojalyk jemgyýetiniň esasy önümçilik toplumy 55688 gektara barabar bolan giňişiligi hem-de ýokary önümçilik binalarynyň 8-sini özünde jemleýär. Kompaniýa ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän ammarlaryň 10-syna hem-de distribýutorlyk merkezlerine eýelik edýär we önümlerini önümçilikden sarp edijilere öz wagtynda ýetirmek üçin innowasion ulag ulgamyndan peýdalanýar.

Şu günki gün «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýeti Russiýa, Gazagystan, Özbegistan, Gruziýa, Täjigistan, Belarus, Saud Arabystany hem-de Mali ýaly döwletler bilen eksport hyzmatdaşlygyny alyp barýar.

Ýeri gelende bellesek, «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýeti azyk önümleriniň howpsuzlygy boýunça FSSC 22000, menejmentiň hili babatda ISO 9001:2015 hem-de önümiň din standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan «Halal» sertifikatlaryna eýelik edýär.

«Ýüpekçi» hojalyk jemgyýeti öz hymatdaşlaryna düşewüntli tekliplerini hödürleýär.

Hojalyk jemgyýetiniň aragatnaşyk ulgamlary:

Telefon: (+993) 566 5-03-65 

Email: info@yupekchi.com 

Saýt: www.yupekchi.com

Instagram: @bold.drinks @bulvar.mineral @pokgijuice

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews