«Greengo» dükany «Vivien» ulgamyndaky çyra söndürijileriň durmuşy aňsatlaşdyrýandygyny aýtdy

SalamNews

13 Aprel, 2024

2

Döwrebap çyra söndürijileriň mümkinçilikleri çyralary ýakmak we söndürmek bilen çäklenmeýär. Olaryň käbiri beýleki otaglardan ýakylyp, söndürmek mümkinçiliklerine eýe boldy. Otagdaky yşyklandyryşa gözegçilik etmegiň döwrebap ýollary indi «Greengo» dükanyndaky «Vivien» bilen öz beýanyny tapýar. «Vivien» ulgamyndaky çyra söndürijileriň artykmaçlyklary nämede? Elbetde, bu sowala «Greengo» dükanyndan jogap tapyp bilersiňiz. Dükanyň işgärleri bu babatda «SalamNews»-iň habarçysyna şeýle gürrüň berdiler:

«Döwrebap enjamlar köp wagtdan bäri ýakmak/söndürmek tertibinden geçdi. Häzirki wagtda bir söndüriji birnäçe ýagtylyk çeşmesine gözegçilik edip biler. «Greengo» dükanynyň müşderileriniň arasynda meşhur bolan «Vivien» ulgamynyň söndürijileri muňa mysal bolup biler.

Eger-de ikinji gatdan birinji gata düşseňiz, «Vivien» ulgamynyň söndürijileriniň kömegi bilen ýokardaky çyralary öçürip, ýa aşakdan ýakyp bilersiňiz ýa-da tersine. Şeýle-de onuň üsti bilen öýe baran badyňyza aşhananyň, hammam otagynyň çyralaryny tiz ýakyp bilersiňiz».

«Vivien» ulgamynyň çyra söndürijileriniň ýene bir ajaýyp aýratynlygy, ol ýörite datçikleriň kömegi bilen tordan tok alman işläp bilýär. Şonuň üçin, çyra söndüriji amatly ýerde ýelimlenip bilner. Esasy zat dolandyryş datçigini zerur yşyklandyryş enjamynyň ýanynda gurmakdyr. Çyra söndüriji datçikden 50 metre çenli aralykda ýerleşip biler.

«Greengo» dükanynda «Vivien» ulgamynyň çyra söndürijileri iki reňkde — ak we goýy çal reňkde hödürlenýär. Şeýle hem olar islendik içerki enjamlara laýyk geler, çyralaryňyzy uzakdan dolandyrmaga we öýüňizde howpsuzlygy üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Ýeri gelende bellesek, bu yşyklandyryş ulgamynyň çyra ýakyp/söndürijilerine dükan tarapyndan 30 ýyl kepillik berilýär.

Dükana meşhur bolan täze çyralaryň — lýustralaryň ýygyndysynyň gelendigini bellemelidiris. Bu ýerde öýüňiz üçin döwrebap gapy jaňlaryny hem satyn alyp bilersiňiz.

«Vivien» ulgamynyň çyra ýakyp/söndürijilerini hem-de jaýyňyz üçin gapy jaňlar ýa-da yşyklandyryş enjamlaryny satyn almak barada has giňişleýin maglumat almak isleseňiz, «Greengo» dükanyna baryp görüň!

Salgylary:

  • G.Kulyýew köçesi (Объездная), «Peýkam» binasy, birinji gat, 96-njy dükan;

  • G.Kulyýew köçesi (Объездная), «Aýly diýar» binasy, birinji gat, 85-nji dükan;

  • «Altyn Asyr» Gündogar bazary, 2374.

Telefon belgileri: 14-52-52, 16-52-52.

Instagram: @ agg.lighting, @ greengo.lighting

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews