«Şerbet» marketi iftar (agzaçar) menýusyny hödürleýär: elýeterli bahalardan iň tagamly naharlary saýlamak mümkinçiligi

SalamNews

16 Mart, 2024

Iftar wagty (aýlaryň soltany hasaplanýan Remezan aýynda agyz açylýan wagt) — agyz bekleýän ynsanlaryň agyzlaryny açmak üçin bir saçagyň başynda jemlenýan pursaty. Şol sebäpden hem, biz agzybirligiň, dostlugyň ähmiýetini ajaýyp tagamlaryň başyndaky lezzetli söhbetler bilen utgaşdyrmak üçin amatly ýer gözleýänlere «Şerbet» marketiniň naharhanasynyň täze iftar menýusyny hödürlemek isleýäris.

Indi «Şerbet» marketinde size agzaçar üçin ajaýyp menýularyň ikisi hödürlenilýär: 50 manatlyk hem-de 120 manatlyk. Olaryň her biri ussat aşpezleriň yhlasyndan dörän datly tagamlaryň birnäçesini özünde jemleýär. Bu bolsa size saýlamak üçin ajaýyp mümkinçilikleri döreder.     

50 manatlyk menýu dürli görnüşli işdäaçarlary, çorbalary hem-de beýleki tagamly naharlary özünde jemleýär. Munuň özi elýeterli bahadan iň ajaýyp tagamlaryň lezzetini duýmak isleýänler üçin hödürlenýän mümkinçilikdir.

Has ýokary derejedäki tagamlary saýlajaklar üçin bolsa 120 manatlyk menýu maslahat berilýär. Saýlan tagamlar toplumyňyza garamazdan, siz naharlaryň hiliniň ýokarydygyna we täzeligine göz ýetirersiňiz.

Magtymguly şaýoly bilen Taslama köçesiniň çatrygynda ýerleşýän «Gül zemin» söwda merkezindäki «Şerbet» marketi sizi garaşýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews