«Balykçy» restorany: Aşgabatda deňiz önümleriniň gastronomiýasynyň oazisi

SalamNews

9 Maý, 2024

1

«Balykçy» restorany krem-şafranly sous, grilde bişirilen kalmar, krewetkaly fahitas, bişirilen losos we beýleki köp sanly deňiz önümlerinden taýýarlanan Ýewropa hem türk aşhanasynyň eksklýuziw tagamlaryny hödürleýär. Tagamyň gadryny bilýänler üçin iň amatly we saýlama ýerleriň biri bolan bu restorana her gezek geleniňde ajaýyp hem geň galdyryjy naharlara hökman duşýarsyň.

«Aşgabat» söwda we medeni dynç alyş merkeziniň aşaky gatynda ýerleşýän «Balykçy» restorany 50-den gowrak balyk hem deňiz önümleri, şeýle-de suşi, pizza we konditer önümleri ýaly dürli tagamlary özünde jemleýän menýusy bilen meşhurdyr. Bu ýerde naharlaryň hemmesi diňe ýokary hilli önümlerden taýýarlanýar. Bu ýere her gün Türkiýeden, Dubaýdan we ýerli bazardan 20-ä golaý täze balyk görnüşleri gelýär.

Ýurdumyzyň beýleki restoranlarynda we kafelerinde tapyp bolmaýan sibas hem-de dorada balyklaryndan bişirilýän ajaýyp tagamlar restoranyň häsiýetli aýratynlygydyr. «Balykçynyň» dürli menýusy diňe bir balyk önümlerinden däl, eýsem, taýýarlaýyş we hyzmat ediş jähtinden, täsirli çemeleşmeleri talap edip, Türkmenistanda sygyr etinden taýýarlanýan Wellington ýaly tagamlary hem dadyp görmäge mümkinçilik döredýän ýeke-täk restorandyr.

Restoran 100 müşderä hyzmat etmäge niýetlenip, bu ýer dürli çäreler, şol sanda banketler we doglan gün dabaralary üçin örän amatly. Bu ýerde çüwdürimli eýwan bar, asuda we parahat ýagdaýda dostlaryňyz hem ýakynlaryňyz bilen ikiçäk galmak üçin niýetlenen restoran bolsa VIP otaglaryny hödürleýär.

Her şenbe güni myhmanlar «Balykçy» restoranynda parahat ýagdaýda skripkanyň, saksofonyň mylaýym owazlaryny diňläp, meşhur aýdymçylaryň çykyşlaryndan lezzet alyp, bütin iş hepdesinden soňky ýadawlygy aradan aýryp bilerler. Restoranyň hünärmenleri hyzmat edişiň ýokary derejesini görkezip, her bir myhmanyň aladasyny edýär. Bu ýerde Gruziýadan, Italiýadan we Hindistandan gelen ussat aşpezlerden tejribe alan hünärmenleriň bardygyny bellemelidiris.

Restorana jaň edip, alyp gitmek ýa-da eltip bermek üçin tagamlary sargyt edip bilersiňiz. Restoran her gün sagat 11:00-dan 23:00-a çenli açykdyr. Orun bellemek ýa-da has giňişleýin maglumat üçin şu telefon belgisine jaň edip bilersiňiz: 12-17-17 / 12-18-18.

 

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews