«Ýüpekçi» täze önümini — «BOLD Mango-kokos» witaminleşdirilen içgisini hödürledi

SalamNews

7 Maý, 2024

Dükanlaryň tekjelerinde 330 ml hem-de 500 ml gaplardaky «BOLD Mango-kokos» witaminleşdirilen hem gazlandyrylan içgileri peýda boldy. Bu serginlediji önüm diňe bir tropiki tagamlaryň utgaşmasy bolman, eýsem, içginiň saglyga peýdalylygyny gazanmak üçin C we B6 witaminleri bilen hem baýlaşdyrylandyr.

Ekzotik tomus stilindäki açyk mämişi-gök etiketkasy dessine alyjylaryň ünsüni dessine özüne çekýär. Bişen mangonyň ýeňil tagamy kokosyň özboluşly öwüşgini bilen utgaşyp, gaýtalanmajak ýakymly lezzeti döredýär.

«BOLD» içgisini öndürijiler täze içginiň tagamyndan hem-de serginlediji täsirinden doly lezzet almak üçin yssy günlerde ony sowadyp içmegi maslahat berýärler. «BOLD» haryt nyşanly täze içgi siziň teşneligiňizi gandyrar.

Täze önümiň tanyşdyrylyşy Türkmenistanyň esasy söwda merkezlerinde dadyp görmek mümkinçiligi bilen utgaşdy. Satyn alyjylar tagamlaryň sazlaşykly birleşmesine ýokary baha berdiler we şeýle berk içginiň diňe suwsuzlygy gandyrman, eýsem, bütin gün üçin energiýa berýändigini bellediler.

«BOLD» haryt nyşanly içgiler diňe içerki bazardaky meşhurlygy bilen çäklenmeýär. Eýýäm şu ýylyň maýynda «BOLD Mango-kokos» witaminleşdirilen içgi «InterFood Azerbaijan 2024» halkara sergisinde hödürlener. Munuň özi «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýetiniň täze tagamly hem-de saglyk üçin peýdaly önümlerini hödürlemegine, şeýle hem daşary ýurtlara eksport etmegi üçin täze hyzmatdaşlary tapmagyna mümkinçilik döreder.

Önüme berilýän ilkinji synlardyr bahalar «BOLD Mango-kokos» ekzotik içgisiniň ýetip gelýän tomus möwsüminiň «Iň söýlüp içilýän içgisi» bolmak mümkinçiliginiň diýseň uludygyny görkezýär.

Müşderilere bolsa täze önümi synap göräýmek galýar.

Habarlaşmak üçin «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýetiniň aragatnaşyk ulgamlary:

Telefon: (+993) 566 5-03-65 

Email: info@yupekchi.com 

Saýt: www.yupekchi.com

Instagram: @bold.drinks @bulvar.mineral @pokgijuice

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews