Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Ýüpekçiniň» söwda toplumynyň sergisinde ýerleşdirilen önümlerine ýokary baha berdi

SalamNews

4 Aprel, 2024

1

Şu günler Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi dowam edýär. Ähmiýetli foruma ýurdumyzyň alkogolsyz içgiler senagatynda uly abraý gazanan «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýeti hem ýokary hilli önümleri bilen gatnaşýar.

Döredilen wagtyndan — 2003-nji ýyldan bäri ýokary hilli önümleriň iň kämil nusgalaryny hödürläp gelýän kompaniýa öz işini innowasiýalar hem-de durnuklylyk bilen utgaşdyrýar. Munuň özi onuň diňe içerki bazarda däl, eýsem, dünýä bazarynda hem ykrar edilmegini şertlendirýär.  

«Ýüpekçi» içerki bazarda hem-de halkara giňişliginde bäsdeşlige ukyply önümleriň hem-de uly islege eýe bolan brendleriň birnäçesini özünde jemleýär. «Bold» markaly önümler energetiki içgileriň bazarynda hil aýratynlygy boýunça dünýä derejesindäki abraýly baýraklaryň birnäçesini gazandy.

3-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şol sergä baryp gördi we söwda toplumynyň hödürleýän önümleriniň giň toplumy, de ýurdumyzyň telekeçileriň öndürýän önümleri we söwda hyzmatlary bilen tanyşdy.

Ýurdumyzyň söwda toplumyna degişli düzümler we hususyýetçiler tarapyndan ýaýbaňlandyrylan sergi milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynyň kuwwatlanýandygynyň, olaryň Diýarymyzyň ykdysady ösüşine mynasyp goşant goşýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Giň gerimli gözden geçiriliş häzirki döwrüň sazlaşykly ösüşini, önümçilik kuwwatlyklarynyň uly geljegini aýdyň görkezýär.

Sergide bolmagynyň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iýmit önümleriniň hem-de içgileriň giň toplumyny synlady. Türkmen halkynyň Milli Lideri «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýetiniň pawilýonynda hem saklandy we kompaniýanyň hödürleýän içgileri bilen tanyşdy.

Şu günki gün «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýeti Russiýa, Gazagystan, Özbegistan, Gruziýa, Täjigistan, Belarus, Saud Arabystany hem-de Mali ýaly döwletler bilen eksport hyzmatdaşlygyny alyp barýar.

Ýeri gelende bellesek, «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýeti azyk önümleriniň howpsuzlygy boýunça FSSC 22000, menejmentiň hili babatda ISO 9001:2015 hem-de önümiň din standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan «Halal» sertifikatlaryna eýelik edýär.

«Ýüpekçi» hojalyk jemgyýeti öz hymatdaşlaryna düşewüntli tekliplerini hödürleýär.

Hojalyk jemgyýetiniň aragatnaşyk ulgamlary:

Telefon: (+993) 566 5-03-65 

Email: info@yupekchi.com 

Saýt: www.yupekchi.com

Instagram: @bold.drinks @bulvar.mineral @pokgijuice

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews