Ajaýyp tagamlaryň hem süýjülikleriň dünýäsi: «Cafe Loft» we «Loft Bakery» Remezan aýynda saýlamak üçin iň amatly mümkinçilik

SalamNews

19 Mart, 2024

Baharyň ilkinji günlerinde uly şowhun bilen açylan «Loft» kafesi hem-de «Loft Bakery» konditer önümleri dükany bilen süýji günleriň şaýady boluň!  

«Cafe Loft» mukaddes Remezan aýynda sazlaşygyň we bagtyýarlygyň atmosferasyndan lezzet almak üçin ajaýyp mümkinçilikleri hödürlemek bilen hemmeleri iftar wagtyny (agzaçar) şu ýerde geçirmäge çagyrýar. Siz bu ýerde restoranyň amatly atmosferasynda maşgalaňyz we dostlaryňyz bilen duşuşmak üçin ajaýyp pursatdan peýdalanarsyňyz.

«Cafe Loft» şu ýyl öz myhmanlaryny iftar üçin dürli tagamlara baý bolan ýörite menýusy bilen begendirýär. Bu ýerde dünýäniň dürli «aşhanalarynyň», şeýle hem adaty tagamlaryň birnäçe görnüşini saýlap bilersiňiz. Myhmanlar türk döneriniň, mangal tagamlarynyň, pizzalaryň, burgerleriň hem-de türk milli tagamy bolan pidäniň birnäçe görnüşinden lezzet almak mümkinçiligine eýe bolarlar. Bu ýerde size hödürlenjek lezzetli tagamlaryň üstüni çorbalaryň birnäçe görnüşi, suwsuzlygyňyzy gandyrmak üçin ajaýyp içgiler hem-de kofeniň uly meşhurlyk gazanan görnüşleriniň ençemesi ýetirýär. Munuň özi siziň iftaryňyzyň has ýakymly hem lezzetli bolmagyny üpjün eder.

«Biz restoranymyza gelen her bir myhmanyň diňe bir tagamlardan lezzet almak bilen çäklenmän, olaryň özlerini öýlerinde ýaly duýmaklary üçin zerur bolan atmosferany döretmäge çalyşýarys» — diýip, kafeniň menejeri belleýär.

Mundan başga-da, «Cafe Loft» eltip bermek hyzmatyny hem hödürleýär. Mahlasy, isleg bildirýän ildeşlerimiz ajaýyp tagamlaryň lezzetini öz öýlerinde hem duýup bilerler.

Goşmaça maglumatlary almak hem-de agzaçar wagtynda kafede orunlary bellemek (bronlamak) üçin görkezilen telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: 108018, 108006, 108007. Ajaýyp kafeniň salgysy Atamyrat Nyýazow köçesindäki (Hudaýberdiýew) 74-nji söwda merkezi.

Kafeniň Instagram sahypasyna ýazylmagy hem unutmaň: loft___cafe

Iftar wagtyny «Cafe Loft» tarapyndan hödürlenýän ýyly hem-de tagamly naharlaryň başynda garşylamak mümkinçiligini elden gidermäň!

«Loft Bakery» bolsa size iň tagamly çörek we konditer önümlerini hödürleýär. Bu ýerde müşderilere hödürlenýän türkmen çöreginiň, dokalaryň hem-de kruassanlaryň tagamy agzyňyzdan gitmez! Bu önümleriň üstüni ajaýyp süýjülikler ýetirýär.

«Loft Bakery» ussat konditerleriň taýýarlan ajaýyp önümlerini müşderilere hödürlemäge şatdyr. Maşgalaňyzy hem-de dost-ýarlaryňyzy «Loft Bakery» tarapyndan hödürlenýän ajaýyp süýjülikler bilen garşylaň!  

«Loft Bakery» konditer önümleri dükany hem «Loft» kafesi bilen bir binada ýerleşýär: Atamyrat Nyýazow koçesindäki (Hudaýberdiýew) 74-nji söwda merkezi.

Ajaýyp konditer önümlerini özünde jemleýän dükanyň mümkinçilikleri bilen tanyşmak üçin 53-50-00 hem-de (61) 91-61-00 telefon belgilerinden peýdalanyp bilersiňiz! Instagram sahypasy —  loft__bakery

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews