«Arkaç» söwda we dynç alyş merkezinde «HUGO» brendiniň resmi wekiliniň dükany açyldy

SalamNews

10 Iýun, 2024

1

Aşgabatdaky «Arkaç» söwda we dynç alyş merkeziniň birinji gatynda meşhur «HUGO» kompaniýasynyň resmi wekiliniň brend dükany açyldy.   

«HUGO» — bu hakyky durmuş üçin moda öwrülen eşikleri taýýarlaýan brend.

Hiliň şeýle ýokary derejesinde hödürlenýän eşikleriň bahalarynyň elýeterli bolmagy ony ýaşlaryň iň söýgüli nusgalaryna öwürýär.

«Arkaç» söwda we dynç alyş merkeziniň birinji gatynda ýerleşýän «HUGO» dükany söwda mümkinçilikleriniň resmileşdirilmegi esasynda iň döwrebap ýörelgeleriň hasaba alynmagy bilen döredildi.  

«HUGO» brendi öz stilini özboluşlylygyň möhüm guraly hasaplaýan müşderileri nyşana alýar.

Ol progressiw dizaýny hem-de özboluşly aýratynlyklary bilen tapawutlanýan iş we gündelik eşikleri hödürleýär.

Bu ýerde «Ýaz-Tomus 2024» (The New Man Collection Spring-Summer 2024) diýen at bilen hödürlenýän özboluşly kolleksiýa bolup, häzirki döwrüň ýaşlarynyň iň bir söýýän stilleriniň ähli biçüwlerini özünde jemleýän «Casual» nusgasy utgaşdyrylýär.

Ýeňil we rahat dokma önümleri erkin hem açyk reňkler bilen utgaşyp, bularyň hemmesi täze kolleksiýanyň önümlerini gündelik we aýratyn dabaralarda geýmek üçin niýetlenen eşikler hökmünde özboluşly nusgalara öwürýär.

«HUGO BOSS» — erkekleriň eşiklerini özünde jemleýän nemes modasynyň özboluşly simwollaryndan biri.

Şol bir wagtyň özünde hem, «HUGO BOSS» — bu biri-birinden aýratynlykda ýokary depginde ösýän iki brendi — «HUGO» hem-de «BOSS» nusgalaryny bir «üçegiň» astynda utgaşdyrýan holding. Şeýlelikde, brendleriň ikinjisi has konserwatiw hem-de ýokary derejeli alyjylar üçin kämil nusgalary hödürlese, «HUGO» has ýaş müşderiler üçin niýetlenendir. Muňa garamazdan, bu ýerde nusgawy stile wepalylyk duýulýar.

«Ýaz-Tomus» stiline 2018-nji ýylda başlan «HUGO» — bu eşigiň öz wezipesine ygrarlylygyny hem-de özboluşlylygyny tassyklaýan serhetsiz dünýä.  

Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän «Arkaç» söwda we medeni dynç alyş merkezinde «HUGO» dükanynyň açylmagy üstünlige ymtylýan ýigitler üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Çünki bu brend şeýle eşikleri geýýänleriň özboluşly, çylşyrymly hem kaşaň stiline hemmeleriň ünsüni çekip, iň kämil nusgalary hödürlemäge ukyply tarapdyr.ş

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews