«Ýüpekçi» «Agro-Pak Turkmenistan and Turkmen Food» halkara sergisine täze önümi — «BOLD Mango-kokos» witaminleşdirilen içgisi bilen çykdy

SalamNews

15 Maý, 2024

Şu gün — 15-nji maýda alkogolsyz içgileriň senagatynyň öňdebaryjy wekili bolan «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýeti täze önümini azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalaryny özünde jemlän «Agro-Pak Turkmenistan and Turkmen Food» halkara sergisinde hödürledi. «Bold» haryt nyşany bilen hödürlenýän «Mango-kokos» içgisi şireli we serginlediji tagamy bilen serginiň myhmanlarynyň üns merkezinden ornuny tapdy.

«BOLD Mango-kokos» — 330 ml hem-de 500 ml ölçeglerdäki gaplarda hödürlenýän witaminleşdirilen içgi. Bu serginlediji önüm diňe bir tropiki tagamlaryň utgaşmasy bolman, eýsem, içginiň saglyga peýdalylygyny gazanmak üçin C we B6 witaminleri bilen hem baýlaşdyrylandyr.

Ekzotik tomus stilindäki açyk mämişi-gök etiketkasy dessine alyjylaryň ünsüni çekýär. Bişen mangonyň ýeňil tagamy kokosyň özboluşly öwüşgini bilen utgaşyp, gaýtalanmajak ýakymly lezzeti döredýär.

«BOLD» içgisini öndürijiler täze içginiň tagamyndan hem-de serginlediji täsirinden doly lezzet almak üçin yssy günlerde ony sowadyp içmegi maslahat berýärler. «BOLD» haryt nyşanly täze içgi siziň teşneligiňizi gandyrar.

Döredilen wagtyndan — 2003-nji ýyldan bäri ýokary hilli önümleriň iň kämil nusgalaryny hödürläp gelýän kompaniýa öz işini innowasiýalar hem-de durnuklylyk bilen utgaşdyrýar. Munuň özi onuň diňe içerki bazarda däl, eýsem, dünýä bazarynda hem ykrar edilmegini şertlendirýär.

«Ýüpekçi» içerki bazarda hem-de halkara giňişliginde bäsdeşlige ukyply önümleriň hem-de uly islege eýe bolan brendleriň birnäçesini özünde jemleýär. «Bold» markaly önümler energetiki içgileriň bazarynda hil aýratynlygy boýunça dünýä derejesindäki abraýly baýraklaryň birnäçesini gazandy.

«Agro-Pak Turkmenistan and Turkmen Food» halkara sergisi azyk önümçiligi pudagynda tejribeleri alyşmak, bu ugurdaky senagatyň öňdebaryjy mümkinçilikleri bilen tanyşmak boýunça möhüm meýdança öwrüldi. Halkara sergä «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýetiniň gatnaşmagy bolsa onuň innowasion ösüşe ygrarlydygy bilen birlikde, önümleriniň hilini yzygiderli ýokarlandyrmak we bazardaky öňdebaryjy ornuny pugtalandyrmak ugrundaky ädimlerini tassyklady.  

«Ýüpekçi» hojalyk jemgyýetiniň aragatnaşyk ulgamlary:

Telefon: (+993) 566 5-03-65 

Email: info@yupekchi.com  

Saýt: www.yupekchi.com

Instagram: @bold.drinks @bulvar.mineral @pokgijuice

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews