«Ýüpekçi» hojalyk jemgyýeti «Food & Beverage West Africa 2024» halkara sergisine gatnaşýar

SalamNews

10 Iýun, 2024

1

«Ýüpekçi» hojalyk jemgyýeti 11 — 13-nji iýun aralygynda Nigeriýanyň Lagos şäherinde geçiriljek Günorta Afrikanyň azyk hem içgi senagatynyň ähmiýetli forumyna — «Food & Beverage West Africa 2024» halkara sergisine gatnaşjakdygyny yglan etdi.   

Bu forum azyk we içgi söwdasy boýunça sebitdäki iň uly hem möhüm ýarmarkalarynyň biri bolup, iň täze önümleri hödürlemek, işewürlik aragatnaşyklaryny ýola goýmak hem-de tejribeleri alyşmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredýär.

«Food and Beverage West Africa» sergisi — bu täze iýmit we içgi önümlerini görkezmek, şeýle-de azyk hem bu ugurdaky hyzmatlar, galyberse-de, Nigeriýada we beýleki ýerlerde has giň gerime eýe bolan «F&B» senagatynda işewürlik gatnaşyklaryny gurmak üçin ajaýyp mümkinçilik. Şonuň esasynda hem, şu ýyl bu foruma gatnaşyjylaryň sanynyň has-da artmagyna garaşylýar. Munuň özi bu ýerde görkeziljek ýurtlaryň pawilýonlaryny has-da giňelder we täze iýmit hem içgi önümleriniň müňlerçesi hödürlener.

Forum Nigeriýanyň «Landmark Center» atly esasy sergi merkezinde ýaýbaňlandyrylar. Bu döwrebap hem köpugurly giňişlik Atlantika ummanynyň kenarynda ýerleşýän Lagosdaky meşhur Wiktoriýa adasynyň işewürlik merkezinde — uly göwrümli wakalar üçin niýetlenen amatly nokatda geçer. «Landmark Center» golaýda has-da giňeldildi we üçünji zalynyň açylmagy bilen 8000 inedördül metrden gowrak sergi giňişligi emele geldi. Mundan başga-da, bu ýerde köp sanly otelleri hem-de restoranlary, şol sanda «Hard Rock Café» atly kafeni we «Sheraton Four Points» myhmanhanasyny özünde jemleýän toplum ýerleşip, ol sergi merkezine  gelip-gitmegi has ýeňilleşdirýär.

Halkara sergä bütin sebitden hem-de onuň çäginden daşardan täze önümlerini we hyzmatlaryny hödürlejek kompaniýalaryň 220-den gowragy çykar.

Sergi şu pudaklary öz içine alar:

  • Iýmit we içgi önümleriniň önümçiligi bilen meşgullanýan kompaniýalary

  • Jemgyýetiň sarp edýän harytlarynyň söwdasyny

  • Lomaý önümçilik we paýlaýyş kompaniýalaryny

  • «F&B» hem-de myhmanhana enjamlaryny

  • Hökümetleriň we ýurtlaryň pawilýonlaryny

«Ýüpekçi» hojalyk jemgyýetiniň «Food & Beverage West Africa 2024» sergisine gatnaşmagy kärhananyň halkara bazarynda öz ornuny giňeltmek we sebitdäki işewür gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrundaky tagallalaryny yzygiderli utgaşdyrýandygyny tassyklaýar. Sergä gelýänler diňe kompaniýalaryň täze önümleri bilen däl, eýsem, azyk we içgi pudagynyň soňky tendensiýalary bilen hem tanşyp bilerler.

«Food & Beverage West Africa 2024» gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň köpüsi üçin täze mümkinçilikleri açar hem-de azyk we içgi pudagynda täsirli waka öwrüler.

«Ýüpekçi» hojalyk jemgyýetiniň aragatnaşyk ulgamlary:

Telefon: (+993) 566 5-03-65

Email: info@yupekchi.com 

Saýt: www.yupekchi.com

Instagram: @bold.drinks @bulvar.mineral @pokgijuice

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews