«Ýüpekçi» hojalyk jemgyýeti «InterFood Azerbaijan» halkara sergisinde önümlerini hödürledi

SalamNews

15 Maý, 2024

1

Şu gün — 15-nji maýda Azerbaýjanyň 29-njy «InterFood Azerbaijan» halkara sergisi açyldy. Halkara forum Baku şäheriniň «Ekspo» merkezinde geçirilýär. 20-den gowrak ýurtdan azyk senagaty hünärmenleriniň müňlerçesiniň ünsüni çeken çäre Hazar sebitindäki ýurtlaryň özara tejribe alyşmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

Çäräniň şu ýylky esasy gatnaşyjylarynyň biri hem «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýetidir. Ajaýyp içgilerini dünýä bazarynda tanatmak we mümkinçiligi uly bolan müşderiler hem hyzmatdaşlar bilen göni aragatnaşygy guramak maksady bilen kämil önümlerini hödürleýän «Ýüpekçi» sergä ilkinji bolup Türkmenistandan wekilçilik edýän tarapdyr.

Gözden geçirilişe gatnaşyjylaryň ünsüniň uly bölegi ilkinji gezek ýurdumyzyň çäginden daşynda köpçülige hödürlenýän «BOLD Mango-kokos» witaminleşdirilen hem gazlandyrylan içgisinde jemlendi. Bu önüm 330 ml hem-de 500 ml ölçeglerdäki gaplarda hödürlenilýär. Bu serginlediji önüm diňe bir tropiki tagamlaryň utgaşmasy bolman, eýsem, içginiň saglyga peýdalylygyny gazanmak üçin C we B6 witaminleri bilen hem baýlaşdyrylandyr.

«Ýüpekçiniň» halkara sergisine gatnaşmagy Türkmenistanyň dünýäniň azyk senagatyndaky barha pugtalanýan ornuny görkezýär we şu ugurdaky hyzmatdaşlygyň hem ösüşiň mümkinçiligi has-da uly bolan geljegini açýar. Üç günläp dowam etjek serginiň çäginde kompaniýanyň wekilleri myhmanlar we kärdeşleri bilen işjeň aragatnaşyk saklarlar, önümleriniň ýokary hilini hem-de innowasion ýörelgelere ygrarlydygyny görkezerler.

Azyk senagatyndaky täze açyşlary, işewür gatnaşyklary we bilelikdäki taslamalary özünde jemlejek Azerbaýjanyň 29-njy «InterFood Azerbaijan» halkara sergisi 17-nji maýa çenli dowam eder.

«Ýüpekçi» hojalyk jemgyýetiniň aragatnaşyk ulgamlary:

Telefon: (+993) 566 5-03-65 

Email: info@yupekchi.com 

Saýt: www.yupekchi.com

Instagram: @bold.drinks @bulvar.mineral @pokgijuice

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews