«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti täze zawodlarynyň ikisini işe girizýär

SalamNews

18 Mart, 2024

Ozal habar berşimiz ýaly, 17-nji martda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlady. Bu giň gerimli foruma ýurdumyzyň elektron senagatynyň wekillerinden «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti hem gatnaşýar. «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň Türkmenistanyň Senagatçylar hem telekeçiler birleşmesiniň sergilerine yzygiderli gatnaşyp gelýändigini hem bellemek gerek.   

«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň aýdyň nusgasydyr. Kompaniýa 2020-nji ýylda dürli brendlerdäki elektronikalary öndürmek bilen, önümçiligini ep-esli giňeltdi.

Kompaniýanyň sergi pawilýonynda önümleriň ähli görnüşi, şol sanda banklar üçin plastik kartlar we ykjam aragatnaşyk üçin sim-kartlar bar. Iň uly gyzyklanma täze zawodlaryň ikisiniň — kabel hem galwanik önümçiliginiň işe girizilýändiginiň yglan edilmeginde jemlendi. Munuň özi kompaniýanyň bazardaky ornuny pugtalandyrmak üçin diýseň uly goşantdyr.

«Häzirki wagtda «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň  täze innowasion taslamalarynyň biri hem dürli görnüşli we dürli ölçegli yşyklandyryş direglerini, demir sütünlerini galwanizlemek, sinklemek bilen baglydyr. Mundan başga-da, hojalyk jemgyýetimiziň önümçiliginde öndürilýän ýol hereketini kadalaşdyryjy ýolyşyklaryň çarçuwalaryny hromlamak işlerini ýola goýmagy meýilleşdirýäris.

Şeýle hem mis we alýumin geçirijileri öndürjek kabel önümçilik sehiniň mümkinçiliklerini utgaşdyrmak işleri üstünlikli dowam etdirilýär» — diýip, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň taslama boýunça bölüminiň başlygy Wladislaw Admakin «SalamNews» saýtynyň korrespondentine beren gürrüňinde belledi.  

Ol häzirki zaman sanly tehnologiýalar bazarynyň dünýäde iň çalt ösýän ugrudygyny, şonuň üçin hem, kompaniýanyň tejribesiniň yzygiderli giňeldilmegine we dünýä tejribesini öwrenmäge uly ünsüň gönükdirilýändigini nygtady. Galyberse-de, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri her ýyl daşary ýurtlarda bolup, hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçýärler.

«Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzda telekeçiligi giňden goldamagy we durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasaty netijesinde giň halkara hyzmatdaşlygy alnyp barylýar. Häzirki wagtda biziň ýurdumyz uzak möhletli we özara peýdaly hyzmatdaşlyga açyk hem ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanalýar. «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetini hem bu ugurdaky ädimleriň möhüm halkasy hökmünde görkezmek bolar. Biziň hojalyk jemgyýetimiz geljekde hem ata Watanymyzyň — Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da pugtalandyrmak üçin tagallalaryny gaýgyrmaz» — diýip, Admakin sözüniň üstüni ýetirdi.

Sergi Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň özara tejribe alyşmaklarynda ajaýyp platforma öwrüldi. Bu bolsa ýurduň sazlaşykly ösüşinde innowasiýalaryň ornuny görkezýär we Watanymyzyň häzirki zaman şertlerinde okgunly ösüşlere taýýardygyny ýene bir ýola tassyklaýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews