«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti — ýurdumyzyň elektron senagatynda öňdebaryjy

SalamNews

3 Aprel, 2024

Ozal hem habar berşimiz ýaly, 3-nji aprelde Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi öz işine başlady. Bu ähmiýetli foruma ýurdumyzyň elektron senagatynyň iň öňdebaryjy wekili, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergilerinde kämil tähnologiýalaryny yzygiderli hödürläp gelýän «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti hem gatnaşýar. 

«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda üstünlikli alnyp barylýan döwlet-hususy hyzmatdaşlygyna nusgalyk mysalydyr. Ol 2020-nji ýylda dürli brendlerdäki we görnüşdäki elektronika önümçiliginiň gerimini ep-esli giňeltdi. Hojalyk jemgyýeti nobatdaky serginiň çägindäki pawilýonynda kämil önümleriniň giň toplumyny, şol sanda plastik bank kartlaryny hem-de ykjam aragatnaşyk ulgamy üçin niýetlenen sim-kartlaryny hödürledi.

«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň taslama boýunça bölüminiň başlygy Wladislaw Admakiniň belleýşi ýaly, häzirki zaman sanly tehnologiýalarynyň bazary dünýäde iň çalt ösýän ugurlaryň biridir. Şunuň bilen baglylykda, kompaniýa mümkinçiliklerini giňeltmäge we dünýä tejribesini öwrenmäge uly ähmiýet berýär. Şeýlelikde, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri her ýyl daşary ýurtlarda hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçýärler, bilimlerini kämilleşdirýärler.

Häzirki wagtda «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň mis we alýumin simleri öndürmek bilen meşgullanjak kabel önümçilik zawodynyň gurluşygynyň hem dowam edýändigini hem bellemek gerek.

«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň ähmiýetli foruma gatnaşmagy Türkmenistanyň elektronika we sanly tehnologiýalar pudagyny ösdürmekde döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini görkezýär. Şeýlelikde, döwlet bilen hususy pudagyň bilelikdäki tagallalary innowasiýa önümleriniň döredilmegine we ýurduň ykdysady ösüşine goşant goşýar. Kompaniýa pudagyň ösüşini gazanmak hem-de önümçiligiň şu ugry boýunça öňdebaryjylygy saklamak ugrunda netijeli işleri alyp barmak üçin öz öňünde diýseň möhüm wezipeleri goýýar.

Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda duşuşyklary guramakda we tejribe alyşmakda möhüm platforma öwrülen sergi öz işini dowam edýär. Munuň özi innowasiýalaryň ornuny we ýurduň häzirki zaman şertlerinde sanly ulgamyň giňişligindäki täze sepgitlere taýýarlygyny tassykaýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews