«Gök Bakja» eksportyny artdyrýar: Kärhana martda dürli görnüşli haltalyk matalaryň uly bölegini ýerledi

SalamNews

4 Aprel, 2024

Polipropilen haltalaryň önümçiligini alyp barýan «Gök Bakja» hususy kärhanasy 2024-nji ýylyň mart aýyny uly üstünlikler bilen jemledi. Gazanylan netijeler kärhananyň önümçiligini hem-de eksport geografiýasyny giňeltmek ugrundaky tagallalarynyň görkezijisidir.

Hususy kärhana martda ini 156 santimetre barabar bolan haltalyk matalaryň kesilen görnüşini giňden eksport etdi. Önüm zawodda ornaşdyrylan «Lohia» kompaniýasynyň kämil enjamlarynyň 16-synyň kömegi bilen öndürilýär. Bu tehnologiýalar kämil hem berk önümleriň öndürilmegini şertlendirýär.

Mundan başga-da, «Gök Bakja» hususy kärhanasy ini 40 santimetre, 50 santimetre barabar bolan dürli dykyzlykdaky haltalyk matalaryň hem uly bölegini daşary döwletlere ýollady. Munuň özi kärhananyň taýýarlaýan matalaryna halkara giňişligindäki artýan islegiň aýdyň beýanydyr.

Kärhana tarapyndan mart aýynda amala aşyrylýan işleriň bu ýerde önümçiligiň hem-de eksportyň giňeldilmeginde diýseň uly ähmiýete eýe bolandygyny bellemek gerek. Şeýle ädimleriň biri hem Belarus Respublikasynyň şeker öndürýän karhanalary bilen täze taslamalary durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan gepleşikler bilen baglydyr. Bu kärhanalar «Gök Bakja» hususy kärhanasynyň önümlerine uly gyzyklanma bildirýärler.    

2024-nji ýylyň mart aýyndaky ähmiýetli ädimleriň esasynda bu ýerde ajaýyp netijeler gazanylýar. Bu hakykaty «Gök Bakja» hususy kärhanasynyň şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda ýerlenen önümleriniň möçberniň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ep-esli artykdygy hem aýdyň tassyklaýar.

«Gök bakja» hususy kärhanasy halkara eksport hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmegi meýilleşdirýär.

Kärhana işlerini sargytlar esasynda hem alyp barýar. Buýurmalardyr sargytlary etmek üçin kärhananyň görkezilen aragatnaşyk ulgamlaryndan peýdalanyp bilersiňiz:

Web saýty: gokbakja.com.tm

Telefon belgileri: +993 64 41-95-55, +993 64 41-94-44, +993 63 72-12-42, +993 65 15-57-77

Iş telefony: +993 12 29-35-55, Faks: +993 12 29-34-44

Instagram: gokbakja2023

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews