«Nagyşly Güzer» modalar öýi TSTB-iň 16 ýyllygy mynasybetli sergä gatnaşar

SalamNews

16 Mart, 2024

Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylyň 17-18-19-njy martynda Sergi köşginde sergi guralar. Bu şanly senede moda dünýäsi hem öz täzeliklerini hödürlär.

Giň gerimli sergide «Nagyşly Güzer» modalar öýi öz täzelikleri bilen çykyş eder we bu çärä nepislik, kaşaňlyk öwüşgünini çaýar.

«Nagyşly Güzer» özüniň milli we häzirki zaman moda öwüşgini çaýylan, täze kolleksiýasyny hödürlär. Myhmanlar meşhur türkmen modalar öýüniň eserleriniň inçeliginden we kaşaňlygyndan lezzet alarlar.

Modalar öýi özüniň ezberligi we inçeligi bilen meşhurdyr. Tikilýän köýneklerde türkmen zenanlarymyzyň näzikliginiň we gözelliginiň nepislik bilen siňdirilmegi, olaryň el işleri bilen bezelmegi we milli äheňliligi bu modalar öýüniň aýratynlygynyň aýrylmaz bölegine öwrülendir.

«Nagyşly Güzer» modalar öýiniň eserlerini 17-19-njy mart aralygynda Türkmenistanyň Sergi köşgünde geçiriljek serginiň dowamynda görüp bilersiňiz.

Şeýle-de, bu modalar öýüniň köýnekleri bilen «Berkarar» SDAM-yň 2-nji gatynyň C-55 belgili dükanynda has giňişleýin tanşyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin:

  • (+99363) 28-66-13

  • (+99365) 72-79-77

  • Instagram: nagyshly_guzer

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews