«Balykçy» sibasdan taýýarlanan tagamlaryny dadyp görmäge çagyrýar

SalamNews

28 Maý, 2024

«Aşgabat» söwda we medeni dynç alyş merkeziniň aşaky gatynda ýerleşýän «Balykçy» restorany balyk hem deňiz önümleriniň hödürlenýän, şol bir wagtyň özünde hem, Aşgabat şäherinde sibas balygyndan tagamlaryň taýýarlanýan ýeke-täk ýeri hökmünde meşhurdyr. Bu ýerde naharlaryň ählisi diňe ýokary hilli önümlerden taýýarlanýar.

Ýurdumyzyň beýleki restoranlaryndan we kafelerinden tapyp bolmaýan sibas hem-de dorada balyklaryndan bişirilýän ajaýyp tagamlar restoranyň häsiýetli aýratynlygydyr. «Balykçy» restoranynda taýýarlanylýan şeýle tagamlaryň biri-de «Gowrulan ysmanakly sibas sarmasy» bolup, bu nahar ysmanakdan we gök-önümlerden taýýarlanan sousyň, ýeralma grateniniň hem-de peýniriň sazlaşygyndan döreýän ajaýyp tagamdyr. Mundan başga-da, «Balykçyda» ýokary derejeli aşpezler zähmet çekip, olar ýörite çagyrylan daşary ýurtly ussat aşpezleriň restorana gelmegi bilen tejribelerini artdyrmak mümkinçiligine eýe bolýarlar.

«Sibas balygyndan taýýarlanylýan naharlar diýseň tagamly bolup, «Gowrulan ysmanakly sibas sarmasy» munuň üstüni ýetirýär. Bu naharyň düzüminde ysmanak, peýnir, gök-önümler we ýeralma ýaly ýokumly maddalara baý bolan dürli önümler bar. Sibasdan taýýarlanylýan bu sarma türk aşhanasyna degişli bolup, ol 15 minutlap howur peçde bişirilýär. Mundan başga-da, bu nahar turşumtyk hem süýji tagamlary birlikde hödürleýär» — diýip, restoranyň ussat aşpezi Arslan Prosenko gürrüň berdi.

«Balykçy» restorany krem-şafranly sous, grilde bişirilen kalmar, krewetkaly fahitas, bişirilen losos we beýleki köp sanly deňiz önümlerinden taýýarlanan Ýewropa hem türk aşhanasynyň eksklýuziw tagamlaryny hödürleýär. Bu özboluşly tagamlary dadyp görmek isleýänler üçin diýseň täsirli restoran bolup, myhmanlar tagamlaryň lezzetini şol ýerde ýerine ýetirilýän ajaýyp sazlary parahat ýagdaýda diňlemek bilen duýup bilerler.

«Balykçy» restorany her gün 11:00-dan 23:00-a çenli işleýär.

Orunlary bellemek we has giňişleýin maglumat üçin şu telefon belgilere jaň edip bilersiňiz: 12-17-17 / 12-18-18.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews