«Dostlukly Zähmet» dermanhanasy — saglygyňyz hakynda aladalanmagyňyz üçin ygtybarly hyzmatdaş

SalamNews

26 Mart, 2024

Aşgabatda ýerleşip, indi birnäçe ýyl bäri halkymyza hyzmat edýän «Dostlukly Zähmet» atly dermanhana şu ugurdaky ajaýyp mümkinçilikleriň ençemesini özünde jemleýär. Paýtagtymyzda derman serişdeleriniň iň arzan bahalardan hödürlenýän ýeri hasaplanýan «Dostlukly Zähmet» dermanhanasy saglygyňyza we gözelligiňize ideg etmegiň möhüm çeşmesidir.

«Dostlukly Zähmet» dermanhanasy elýeterli nyrhlary bilen bäsdeşlerinden tapawutlanýar. Bu ýerden Ýewropanyň önüm öndürijileriniň ýokary hilli dermanlaryny, kosmetiki ideg önümlerini, maýyplaryň oturgyçlaryny, lukmançylyk bandajlaryny, çagalaryň saglyk serişdelerini, şeýle hem süýji keseli bilen kesellänler üçin gandaky şekeriň derejesini gözegçilikde saklaýan enjamlary satyn alyp bilersiňiz.

«Dostlukly Zähmet» dermanhanasynyň esasy aýratynlyklaryndan biri-de önümleriniň köp görnüşli bolmagy däl-de, ilata gerekli serişdeleriň arzan bahadan hödürlenmegidir. Bu bolsa lukmançylyk hyzmatlarynyň ilatyň ähli gatlagyna elýeterli bolmagyny üpjün edýär. Mundan başga-da, müşderileriň zerur lukmançylyk enjamlaryny almak mümkinçiliginiň has amatlylygyny şertlendirýän dermanhana şäheriň hemme ýerine eltip bermek hyzmatyny hem hödürleýär. Golaý ýerdäki alyjylara eltip bermek hyzmaty mugt amala aşyrylyp bilner!

«Dostlukly Zähmet» dermanhanasy tarapyndan öýüňize eltilip berlen derman serişdeleri üçin hasaplaşyklary nagt we nagt däl görnüşinde amala aşyryp bilersiňiz! Munuň özi dermanhananyň öz müşderileri üçin iň kämil şertleri üpjün etmek ugrundaky tagallalarynyň netijesidir.

Täze dermanhananyň salgysy: Seýitnazar Seýdi köçesi, «Rysgally» söwda dükanynyň birinji gaty.

Has giňişleýin maglumat almak we haryt sargyt etmek üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: 415501, 190305, 190309.

«Dostlukly Zähmet» dermanhanasy hepdede ýedi gün sagat 8:00-dan 23:00-a çenli işleýär.

Instagram: @dostlukly_zahmet_dermanhanasy

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews