Täze «Altyn Nagyş» modalar öýi açyldy

SalamNews

10 Iýun, 2024

1

«Berkarar» söwda we dynç alyş merkezinde täze «Altyn Nagyş» modalar öýi açyldy. Täze modalar öýi söwda merkeziň 1-nji gatynda ýerleşýär.

Modalar öýi zenan lybaslarynyň «Dowamat» atly özboluşly hem täze ýygyndysyny hödürleýär. Kolleksiýada 100-den gowrak görnüş bolup, olaryň arasynda köýnekler, ýapynjalar, penjekler, çyrpylar, gyňaçlar, ýeňsizdir donlar bar.

«Meniň kiçiligimden el işlerine bolan höwesim bardy. Gadymy ene-mamalarymyzyň miras galdyran nusgalaryndan ruhlanyp, taýýarlanan lybaslar pombarhat, keteni, gülýüpek, gadymy atlas, lýon we ýüpek lýon ýaly dürli görnüşli matalardan tikilýär. Bu kolleksiýanyň taýýar bolmagy üçin 4 aý gerek boldy» – diýip, dizaýner Güljahan Myratlyýewa gürrüň berdi.

«Altyn Nagyş» modalar öýüniň aýratynlyklary hökmünde dükanyň köýneklerinde inçelik bilen ýerine ýetirilen nepis keşdeleriň gadymy nusgalary şöhlelendirmegindedir. Mundan başga-da, «Altyn Nagyş» zenan lybaslary modalar öýi halat-serpaý toýlar üçin eksklýuziw hem-de ýeke-täk nusgadaky dizaýny çyzyp, lybaslary, kürteleri tikip bermek hyzmatyny-da hödürleýär.

Habarlaşmak üçin:

Instagram: @altyn_nagys

TikTok: @altyn_nagys

Telefon belgileri: +99362 00-73-79, 69-64-81

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews