Şekilli halylaryň täsin sergisi

Gülälek KEROGLYÝEWA

18 Mart, 2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda ýaşlaryň dürli ugurlardan düýpli bilim alamagy, halkymyzyň şöhratly taryhynyň, merdana pederlerimiziň ruhy-ahlakly ýol-ýörelgelerine kybap gelýän, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, aň-düşünjeli, şol sanda innowasiýa tehnologiýalaryndan kämil baş çykarmaklary ugrunda ähli zerur şertler döredilýär. Ýaşlaryň bilim terbiýesinde milli mirasymyza, sungatymyza hormat goýmagyny, işjeň şahsyýet bolup ýetişmeklerini, hormatly Prezidentimiziň döredip berýän ähli mümkinçiliklerinde ugur alyp, Watanymyza ak ýürekden hyzmat etmeklerini gazanmak mugallymlaryň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

Watançy ýaşlaryň ruhy dünýäsine milli gymmatlyklarymyzyň synmaz hazynasy bolan türkmen halysyna bolan gyzyklanmalary döretmek wajyp meseleleriň biridir. Türkmen halysy bizi gurşap alýan owadan dünýäniň ajaýyp gözelliklerini özüne siňdirip, ýugrulyp, ussat elleri bilen häzirki güne getiren ene-mamalarymyzyň soňuna ýetip bolmajak milli gymmatlyklarymyzyň synmaz hazynasynyň mukaddes ruhy dünýäsini özboluşly kylýan bu sungat dünýä ajaýyplygynyň baş täji hasaplanýar.

Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen haly sungatyny döwrebap kämil düşünjeler bilen ösdürmek babatynda uly işler durmuşa geçirilýär.

2024-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda «Halymda Arkadag atly nagyş bar, Arkadagly Serdarymyza alkyş bar» atly döredijilik sergisi açylyp, onda Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýewiň we onuň şägirtleriniň şekilli halylary görkezildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu haly sergisi talyp ýaşlaryň bilim we hünär derejesiniň atdyrmakda uly ähmiýeti bar.

Dürli many-mazmuny özünde jemleýän sergide innowasion tehnologiýalaryň milli halyçylyk sungatymyzyň çeperçilik däpleri bilen, ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirilen gaýtalanmajak sungat eserlerini görmek bolýar. Halypa suratkeşiň «Bagtyýarlyk eýýämy» (2012 ý.), «Geçmişiň sedasy – şu günüň ýaňy» (2013 ý.), «Ezeli kämillik» (2015 ý.), «Sekizburçlukdaky sekiz gudrat» (2015 ý.), «Gadamy batly bedewler» (2016 ý.), «Ýanardagyň ýedi arkasy» (2017 ý.), «Ahalteke bedewiniň on ýedi ugry» (2018 ý.), «Bagtyýarlygyň mekany» (2020 ý.), «Bedew» (2021 ý.), «Asyrlaryň aňyrsyndan görünýän türkmen taryhy» (2022 ý.), «Berkarar we Bagtyýar» (2023 ý.)  atly eserleri tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Halypanyň şekilli halylarynda bedew atlar esasy temalaryň biridir. Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýew «Bedew» (2021 ý.) atly «3D janly haly» eseriniň üsti bilen 3D tehnologiýasyny haly sungatymyza girizýär. Halypanyň bu eserini synlanyňda, hakykatdan hem 3D ölçegi görüp, bedew atyň keşbinde halynyň janly hereketdedigini synlap bolýar. Bu hem ussadyň zehininiň uçursyzdygyndan habar berýär. Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýew ahalteke bedewlerimiziň owadan keşbini 3D ölçegli halylara siňdirýär.

Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýew türkmen halkynyň medeni gymmatlyklarynyň naýbaşysy hasaplanýan türkmen haly eserlerini ussatlyk bilen halylara geçirýär. Ussat suratkeş özüniň döredijilik ýolunyň dowamynda türkmen halysynyň çeperçilik aýratynlyklaryny gorap saklamakda, türkmen halyçylyk sungatyna aýratyn ugur girizip, şekilli halylarynyň döremegine uly goşant goşan halypadyr. Ada Gutlyýewiň döredijiligi häzirki wagtda şägirtleri tarapyndan ynamly dowam edilýär we gözellikde deňsiz-taýsyz şekilli haly eserleriniň täze we täsin nusgalary döreýär.   

Gülälek KEROGLYÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews