Ida dagy: taryhyň we medeniýetiň jemlenen ekologiki dynç alyş seýilgähi

SalamNews

22 Maý, 2024

1

Türkiýäniň demirgazyk-günbatarynda, Çanakkale we Balykesir welaýatlarynyň arasynda ýerleşýän Ida dagy «kislorod gümmezi» hökmünde tanalýar we ýodly deňiz howasyna baý sebit ösümlik we haýwanat dünýäsine peýdaly tokaý hökmünde hyzmat edýär. Ida daglaryna ýekelikde ýa-da toparlaýyn gitmek bilen siz bu ýeriň owadan tebigatynyň taryhy we medeni gözellige baý peýzažyndan lezzet alyp bilersiňiz. Birnäçe rowaýatlaryň döremegine sebäp bolan täsin ýer bilen tanyşmak bilen siz Egeý medeniýetiniň lezzetli we tebigy tagamlarynyň sebiti bolan gadymy obalaryna syýahat edip bilersiňiz.

Ida dagyna gelýän jahankeşdeler bu ýeriň dünýäniň iň uly kislorod gory hasaplanýan owadan ýerleri bilen gyzyklanýarlar. 21 müň gektar meýdany tutýan Kazdagy milli seýilgähine gezelenjiň dowamynda birnäçe görnüşli ösümliklere äw haýwanlara duş gelmek bolýar. Bu sebit tebigat söýüjileriň arasynda diýseň meşhurdyr.

Sebitiň iň meşhur ýerleri Hasanboguldu howuzy, Şahindere kanýony, Sütuwen we Myhly şaglawuklary hasaplanýar. Syýahatyň dowamynda ýolda çadyrlarda dynç almak arkaly hem bu seýilgähiň gözel nokatlaryndan lezzet almak bolýar.

Çanakkale sebitinde syýahatyň barşynda siz gadymy Troýa söweşiniň bolan ýeri, ÝUNESKO-nyň gymmatlygy hasaplanýan, Troýa muzeýine hem baryp bilersiňiz. Muzeý diňe gadymy wakalary özünde jemlemän eýsem, urşdan galan gadymy rowaýatlary we tapyndylary, ýerli ilatyň durmuşy we medeni gymmatlyklaryny saklaýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews