«Gök bakja» her aýda ýüzlerçe tonna polipropilen önümlerini eksport edýär

SalamNews

21 Fewral, 2024

1

SalamNews

Biz ozalky habarlarymyzda polipropilen haltalaryň önümçiligi bilen meşgullanýan «Gök bakja» hususy kärhanasynyň kämil önümleriniň diňe içerki bazarda däl, eýsem, halkara bazarynda hem mynasyp ornuny tapýandygyny habar beripdik. Häzirki wagtda bu ýerde öndürilýän ykjam hem berk haltalar Russiýa Federasiýasyna, Gazagystana, Belarusa, Owganystana we Türkiýä eksport edilýär. Kärhana önümlerini daşary ýurtlara ýollamak işini häzirki günlerde hem işjeň dowam etdirýär.

Her aýda «Gök bakja» hususy kärhanasynyň önümlerinden doldurylan ýük ulaglarynyň birnäçesi eksport üçin ýollanylýar. Şol ulaglar hususy kärhananyň halta önümlerini we polipropilenden taýýarlanan haltalyk matalaryny Russiýa Federasiýasyna, Gazagystana, Belarusa, Owganystana hem-de Türkiýä ýetirmek üçin ýola rowana bolýarlar. Mahlasy, her aý «Gök bakjanyň» önümleriniň ýüzlerçe tonnasy şol döwletlere ýollanylýar.  

Milli önümlerimiziň daşary bazarda uly islegden peýdalanýandygy olaryň ýokary hil derejesiniň dünýäde ykrar edilýändiginden nyşandyr. Önümlerini eksport etmek bilen, halkara haryt dolanyşygyna ýetirýän täsiri «Gök bakjanyň» milli ykdysadyýetimiziň ösüşindäki mynasyp ornuny görkezýär. Ösen ykdysadyýeti bilen uly meşhurlykdan peýdalanýan Russiýa Federasiýasynda türkmen önümlerine bildirilýän isleg Watanymyzda bu ugurdaky önümçiligiň kämil nusgasynyň emele gelendigini aýan edýär.

«Gök bakja» hususy kärhanasy halkara eksport hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek isleýär.

 Kärhana sargytlar esasynda hem işleri alyp barýar. Buýurmalardyr sargytlary etmek üçin kärhananyň görkezilen aragatnaşyk ulgamlaryndan peýdalanyp bilersiňiz:

Web saýty: gokbakja.com.tm

Telefon belgileri: +993 64 41-95-55, +993 64 41-94-44, +993 63 72-12-42, +993 65 15-57-77

Iş telefony: +993 12 29-35-55, Faks: +993 12 29-34-44

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews