Şu gün
Aşgabat
-2 °C
Ertir
Aşgabat
-2 °C
Birigün
Aşgabat
-2 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
-2 °C

Sazlamalar

Diller

TM

XVI asyrda türkmençe ýazylan, dünýäde ýeke-täk nusgaly golýazmany «Dünýä hatyrasyna» hödürlemegiň mümkinçilikleri öwrenilýär

SalamNews
Ylym-bilim / Ylym

Ýakynda Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň paýtagty Amman şäherinde ÝUNESKO-nyň «Dünýä hatyrasy» Maksatnamasynyň çäginde halkara maslahat geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, ÝUNESKO adamzadyň medeni we ruhy mirasyny goramak boýunça uly işleri alyp barýar. Ol dünýäniň islendik künjegindäki gymmatlyklary hasaba alýar we olary içgin öwrenýär.

Bilşimiz ýaly, türkmen halkynyň bäş müň ýyldan gowrak taryhy bolup, halkymyzyň guran döwletlerinde ylym-bilim, medeniýet ösüpdir, ajaýyp binagärlik ýadygärlikleri dikeldilipdir. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň we ÝUNESKO-nyň arasynda ýygjam gatnaşyklaryň alnyp barylýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ruhy we maddy medeni gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň gaznasynda saklanýan Salar Baba Gulaly ogly Hyrydarynyň dünýäde ýeke-täk nusgaly «Jamyg-ut taryh» atly eseriniň golýazmasyny ÝUNESKO-nyň «Dünýä hatyrasy» atly maksatnamasyna goşmak boýunça geçirilýän işleri görkezmek bolar.

ÝUNESKO-nyň işleri barada Koreýanyň milli toparynyň öňbaşçylyk etmeginde «Dünýä hatyrasy» atly maksatnamana goşmaga hödürlenýän ýazuw ýadygärlikleriniň hödürnamalaryny hemmetaraplaýyn öwrenmek we ara alyp maslahatlaşmak üçin, şu ýylyň 5 — 7-nji sentýabrynda Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň paýtagty Amman şäherinde halkara maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzdan TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Maksat Meredow gatnaşdy.

XVI asyrda türkmençe ýazylan, dünýäde ýeke-täk nusgaly golýazmany «Dünýä hatyrasyna» hödürlemegiň mümkinçilikleri öwrenilýär

Amman şäherinde geçirilen halkara maslahata Yrak, Iordaniýa, Kuweýt, Malta, Oman, Sudan, Palestina döwletlerinden hünärmenler, şeýle-de ÝUNESKO-nyň bilermenleri gatnaşdylar. Maslahatyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň bilermenleri umumy sapaklary geçdiler. Şeýle-de «Dünýä hatyrasy» atly maksatnama goşmak boýunça hödürlenen gymmatlyklar giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistandan hödürlenen Salar Baba Gulaly ogly Hyrydarynyň «Jamyg-ut taryh» atly golýazmasynyň uly ähmiýete eýedigini aýratyn bellediler.

Birinjiden, bu golýazma awtoryň öz eli bilen ýazylypdyr. Ikinjiden, ol dünýäde ýeke-täk nusgaly bolup, başga hiç bir ýerde onuň hatda göçürmesi-de gabat gelmeýär. Üçünjiden, golýazma dil tarapyndan uly ähmiýete eýedir. Golýazmanyň ýazylan döwründe (XVI asyrda) işleriň aglaba böleginiň arap, pars we çagataý dilinde ýazylandygyna garamazdan, bu iş gadymy türkmen dilinde ýazylypdyr.

Bu golýazma eseri Hywa hanlygynyň Horasandaky häkimi Aly Soltanyň tabşyrygy boýunça 1555-1556-njy ýyllarda Nusaý şäherinde Kokant kagyzyna, nestalyk hatynda gara syýa bilen ýazylandyr. Golýazmanyň esasy aýratynlygy onda dünýäniň birnäçe ýurtlarynyň taryhynyň ensiklopediýa görnüşinde gadymy döwürden başlap, tä XIII-XIV asyra çenli ylmy maglumatlar esasynda anyk beýan edilmegidir. Ol institutyň hazynasyndaky türkmen diline degişli sene goýlan iň irki ýazuw ýadygärlikleriniň biri bolup, onuň gaznahanasyna 1935-nji ýylda tabşyrylýar.

Çäräni guraýjylar tarapyndan oňa gatnaşanlara ýörite Şahadatnama we Abdullah Haşimit patyşanyň adyny göterýän nyşan gowşuryldy. Şeýle-de taýýarlanan hödürnamalaryň ýygyndysy ÝUNESKO-nyň «Dünýä hatyrasy» atly žurnalynda çap edildi.

Iň täze habarlar