Şu gün
Aşgabat
-2 °C
Ertir
Aşgabat
-2 °C
Birigün
Aşgabat
-2 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
-2 °C

Sazlamalar

Diller

TM

Türkmen alymlary radioişjeň çeşmeler hakynda halkara maslahata gatnaşdylar

SalamNews
Ylym-bilim / Ylym
Türkmen alymlary radioişjeň çeşmeler hakynda halkara maslahata gatnaşdylar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň alymlary ylmy gözleglerde, lukmançylykda we senagatda ýüze çykýan radioişjeň çeşmelere we bu ugurda alternatiw serişdeleriň öwrenilmegine bagyşlanan halkara maslahata wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ylymlar, Inženerçilik we lukmançylyk akademiýalarynyň guramagynda geçirilen halkara maslahata ýurdumyzyň, Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ylmy işgärleri gatnaşdylar.

Halkara maslahata gatnaşyjylar radioşöhleleriň çeşmeleri, olary ýüze çykarmak boýunça ulanylýan tehnologiýalar we usullar barada tejribe alyşdylar. Tehniki, lukmançylyk maksatly ulanylýan radioşöhlelenmeleriň howpsuz ulanylyşy, bu ugurdaky tehnologiýalar we usullar öwrenildi. Bu ugurda işlenip taýýarlanýan meýilnamalar barada aýdyldy.

Iki günlük okuw maslahatynyň çäginde halkara bilermenler bu ugurda ýurtlaryň öňdebaryjy tejribeleri, usullary we ulanýan tehnologiýalary bilen giňden tanyşdyrdylar.

Iň täze habarlar