Şu gün
Aşgabat
-2 °C
Ertir
Aşgabat
-2 °C
Birigün
Aşgabat
-2 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
-2 °C

Sazlamalar

Diller

TM

Rus dili boýunça taslamalar bäsleşigi yglan edildi

SalamNews
Ylym-bilim / Ylym
Rus dili boýunça taslamalar bäsleşigi yglan edildi

Puşkin adyndaky Döwlet rus dili instituty Türkmenistanyň raýatlaryny GDA giňişliginde rus dilini goldamak boýunça taslamalar bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar.

Bäsleşik Russiýa Federasiýasynyň Magaryf ministrliginiň goldamagynda geçirilýär we Arkalaşyga girýän ýurtlarda rus dilini ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň durmuşa geçirilişiniň iň gowy tejribeligini ýygnap, olary seljermäge ugrukdyrylandyr.

Ol ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary, aspirantlar, alymlar, aň-bilim we ylmy edaralaryň işgärleri, jemgyýetçilik işgärleri, şeýle hem rus dili boýunça taslamalary durmuşa geçirmekde tejribesi bolan talyplar üçin niýetlenendir.

Döredijilik bäsleşigi 4 ugurda geçirilýär:

  • rus dili;

  • rus bilimi we medeniýeti;

  • ýurtlaryň arasyndaky taryhy, medeni, ylmy, aň-bilim, ykdysady gatnaşyklar;

  • rus dilini öwretmegiň usulyýeti.

Aýry-aýry awtorlaryň, taslama toparlarynyň, GDA-nyň dürli ýurtlarynyň raýatlaryndan ybarat toparlaryň islegnama iberip biljekdigini bellemelidiris. Bäsleşige gatnaşmak üçin, sowalnama doldurmaly we 30-njy sentýabra çenli taslamanyň tanyşdyrylyşyny degişli salgylanma boýunça ibermeli.

Ýeňijileriň atlary 12-nji oktýabrda bäsleşigiň resmi sahypasynda yglan ediler. Olaryň 1 — 3-nji noýabr aralygynda göni gatnaşmak arkaly we gaýybana ýagdaýda geçiriljek «GDA ýurtlarynda rus dili: ýagdaýy, işleýşi, aragatnaşygy» atly halkara ylmy maslahata gatnaşmak üçin Puşkin institutyna barmak mümkinçiligi bolar.

Goşmaça maglumatlar üçin SYKamysheva@pushkin.institute AIOlkhovskaya@pushkin.institute internet salgylaryna ýüz tutup bilersiňiz.

Iň täze habarlar

2022-nji ýy­lyň adal­ga­sy­ saý­lan­dy

Oksford sözlügi 2022-nji ýylyň adalgasyny saýlady. Ýylyň adalgasy hökmünde «Goblin mode» saýlandy. Bu adalga 318 müň 956 ses alypdyr — diýip, ntv.com.tr habar berýär.
SalamNews

Belarusda okamak isleýänler üçin uly mümkinçilik

Belarus Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek isleýänlerden arzalar 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli kabul edilýär.
SalamNews

Dünýä halklarynyň milli tagamlarynyň sergisi Bitaraplyk baýramyna bagyşlandy

Ýakynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda «Bitarap Türkmenistan — parahatçylygyň we dostlugyň mekany» atly dabaraly çäre geçirildi.
SalamNews