Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Ýaş alymdan biznese täze çemeleşme

SalamNews
Ylym-bilim / Ylym

Aşgabatdaky «Arçabil» myhmanhanasynda ýaş alymlaryň we işewürleriň arasynda «taslamadan önüme çenli» diýen şygar bilen bäsleşik geçirildi.

Onuň bilen ugurdaş «MCT Agency» hojalyk jemgyýetiniň guramagynda birnäçe hepdäniň dowamynda biznes-trening guraldy. Sapaklarda ýaş alymlara we işewürlere taslamany taýýar önüme çenli ýetirmegiň ýoly, usullary, çemeleşmeleri öwredildi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň ýaş alymy Jennet Baýramgeldiýewa «Biz bilen» ykjam goşundysyny bäsleşige hödürläp, ýeňiş gazandy. Ýaş alym bu işini döretmezden ozal, ýurdumyzyň bazaryny we dünýä tejribesini içgin öwrenipdir we şondan soň öz goşundysynyň taslamasyny taýýarlapdyr.

Häzirki wagtda alymyň hödürleýän ykjam goşundysy ýaly programmanyň türkmen bazarynda ýokdugyny bellemeli. Çünki onda öndürijiler, dürli kompaniýalar müşderiler bilen «göni» aragatnaşykda bolarlar. Öz hyzmatlaryny amatly bahadan hödürläp bilerler. Müşderiler bolsa diňe bir hyzmaty däl, eýsem, hyzmaty hödürleýän kompaniýalary-da saýlamaga mümkinçilik alarlar. Mobil goşundy türkmen bazarynyň daşary ýurtly kompaniýalar üçin hem amatlylygyny ýokarlandyrar. Olara ýurdumyzyň ykdysady giňişligine ýeňil girişmegine mümkinçilik berer we sagdyn bäsdeşligiň döremegine getirer.

Iň täze habarlar

Türkmen ýaşlarynyň 25-si Russiýa okuwa iberiler

Şu ýyl türkmen ýaşlarynyň 25-sini Russiýanyň degişli ýokary okuw mekdeplerine okuwa ibermek meýilleşdirilýär.
SalamNews

Bütindünýä kitap paýtagty mälim edildi

Gana döwletiniň paýtagty Akkra şäheri ÝUNESKO tarapyndan 2023-nji ýyl üçin Bütindünýä kitap paýtagty diýip ykrar edildi.
SalamNews

Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy dersi boýunça halkara internet olimpiadasy yglan edildi

Gatnaşyjylara baha bermek üçin Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekillerinden eminler topary düzülýär.
SalamNews