Şu gün — 18-nji awgustda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda «Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-barlag institutlary bilen ylmy hyzmatdaşlygy» atly ylmy-seminar maslahaty geçirildi. Onuň çäginde TYA-nyň Himiýa institutynyň ylmy-barlag işleriniň, oýlap tapyşlarynyň sergisi guraldy.
Oňa Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň we ýokary okuw mekdepleriniň halypa mugallymlary, ýaş alymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Maslahatyň başynda TYA-nyň Himiýa institutynyň direktory, himiýa ylymlarynyň kandidaty Hallymyrat Ataýew institutyň ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdepleri bilen ýola goýlan ylmy hyzmatdaşlygy we onuň netijeleri barada gürrüň berdi. Şeýle hem maslahatda Garabogaz aýlagynyň duzly şerebelerini toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň ylmy esaslaryny işläp düzmek, fosfogipsden ammoniý sulfatyny we gurluşyk hekini almak, tebigy gazy arassalamakdan alnan kükürdi gaýtadan işlemegiň netijesinde, täze önümi alyp bolýandygy barada aýdyldy. Şeýle-de biosit häsiýetli üst-işjeň maddalaryň alnyşyny we ýerli çig mallardan reňkli sement önümçiliginiň tehnologiýasyny işläp düzmek işleri boýunça giňişleýin gürrüň edildi.

Mundan başga-da, ylmy-seminar maslahatynda Türkmenistanyň himiýa önümçiliklerinde ekologik meseleler, senagat önümçiliginiň galyndy suwlaryny arassalamagyň, ekologiýa taýdan arassa organomineral dökünleri we bioplastik materiallary almagyň tygşytly, täsirli usullaryna, ýerli çig mallary ulanyp, dokma önümleri üçin tebigy boýaglary almagyň ylmy esaslaryna seredilip geçildi.
Şeýle-de bu ýere jemlenen alymlar ýaşlary ylma çekmekde ylmy-barlag merkezleriniň we gaz känleri işlenip geçilende gazkondensat barlaglarynyň ähmiýetiniň ýokarydygyny nygtadylar. Tebigy gazdan alynýan kükürdiň we piroliz galyndysynyň esasynda üst-işjeň maddanyň alnyş usulyýeti, galyndy plastiklerden emeli süýüm almagyň tehnologiýasy, goňur kömri azot kislotasy bilen okislendirmek arkaly organomineral dökün almagyň amatly usuly bilen birlikde, «Galkynyş» gaz käninde gazy gaýtadan işlemegiň esasy ugurlary boýunça pikir alyşmalar bolup, birnäçe teklipler öňe sürüldi.