Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

30 müň ýyl mundan ozal ýaşan zenanyň ýüz keşbi dikeldildi

SalamNews
Ylym-bilim / Ylym
30 müň ýyl mundan ozal ýaşan zenanyň ýüz keşbi dikeldildi

Braziliýaly alymlar 30 müň ýyl mundan ozal ýaşan zenanyň ýüz keşbini gaýtadan döretmegi başardylar.

Hünärmenler 3D dizaýneriň kömegi hem-de sanly täsir ediş usuly boýunça ýygnalan tejribä daýanyp, daş asyrynda ýaşap geçen 17 ýaşly gyzyň sanly keşbini täzeden dikeltdiler.

Arheologlar bu gadymy zenanyň galyndylaryny 1881-nji ýylda Çehiýadaky bir gowakdan tapdylar. Şol wagtlar bu tapyndy erkek kişä degişli diýen çaklama hem öňe sürlüpdi.

Şeýle hem alymlar ýüz keşbi  döretmek üçin KT barlagyny ulandylar. Tapyndyda kelläniň aşaky äňiniň ýokdugy sebäpli, alymlar häzirki zaman adamynyň äňiniň gurluşy hakyndaky maglumatlary ulanmaly diýen netijä geldiler.

Şeýlelik bilen, ýokarky paleolit döwründe ýaşap geçen aýalyň nähili keşpde bolandygyny bilmek mümkinçiligi döredi.

Iň täze habarlar

Talyplaryň arasynda geçirilen hakaton bäsleşigiň jemi jemlendi

Ýakynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen «Önümçiligi awtomatlaşdyrmakda emeli aňy ulanmak» atly programma düzüjileriň bäsleşiginiň (hakaton) ýeňijileri mälim edildi.
SalamNews

Türkmenistanda «Ýylyň talyby — 2023» bäsleşigiň ýeňijisi mälim edildi

Golaýda «Ýylyň talyby — 2023» Döwlet bilim bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guraýan bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 5-nji ýyl talyby Gülnabat Saparowa yglan edildi.
SalamNews

Synaglary üstünlikli tabşyrmagyň syrlary

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde 2022-2023-nji okuw ýyly tamamlandy.
SalamNews