Sazlamalar

Diller

TM

Aşgabat şäheriniň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda täze mekdepler we çagalar baglary gurlar

SalamNews
Ylym-bilim
Aşgabat şäheriniň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda täze mekdepler we çagalar baglary gurlar

Ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem paýtagtymyzyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda umumybilim berýän mekdepleriň we çagalar bagynyň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň fewral aýynda başlamak we umumybilim berýän mekdepleri we çagalar bagyny 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Iň täze habarlar

Aşgabatdaky Fransuz institutynda fransuz dili boýunça olimpiada geçirilýär

9-njy martda Aşgabatdaky Fransuz instituty fransuz dili boýunça olimpiadanyň birinji tapgyrynyň geçirilýändigini yglan edýär.
SalamNews

Türkmen alymlary Hindistanda uly ylmy-derňew işini geçirdiler

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary Hindistanda uly ylmy-derňew işini geçirdiler. 
SalamNews

Sebitleýin fokus-topar Merkezi Aziýa üçin ylym-bilim we hünär kämilleşdirmegi ugrunda täze mümkinçilikleri açýar

22-nji fewralda Ýewropanyň bilim gaznasynyň goldawy bilen DARYA taslamasynyň çäklerinde Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleriň fokus-toparlaýyn onlaýn sessiýasy geçirildi.
SalamNews