Şu gün
Aşgabat
32.2 °C
Ertir
Aşgabat
32.9 °C
Birigün
Aşgabat
32.3 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
32.2 °C

Sazlamalar

Diller

TM

«Ýylyň talyby — 2022» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

SalamNews
Ylym-bilim / Bilim

Şu gün — 25-nji maýda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda yglan edilen «Ýylyň talyby» döwlet bilim bäsleşigi jemlendi.

Üç günläp dowam eden bäsleşigiň ilkinji gününde — 23-nji maýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kitaphanasyna ýygnanan talyp ýaşlar öz ylmy açyşlary, halkara we ýerli gazet-žurnallardaky makalalary, medeni-jemgyýetçilik işlerine, sport çärelerine gatnaşyşlary boýunça bahalandyrylyp, erkin görnüşdäki çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Bäsleşigiň ikinji güni — 24-nji maýda talyplar Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda jemgyýetçilik we kompýuter okuw dersleri boýunça test barlaglaryna gatnaşdylar.

Bäsleşik Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda türkmen, iňlis dili dersleri boýunça test barlaglarynyň netijelerini öňki gazanylan ballaryň üstüne goşmak bilen jemlenip, ýeňijiler mälim edildi.

Onuň netijelerine laýyklykda, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň 25-siniň içinde iň köp baha toplanlary «Ýylyň talyby» döwlet bilim bäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi.

  • Baş baýraga 126, 6 bal bilen S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Kadyr Amanow;

  • 1-nji orna Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Şatlyk Tekäýew;

  • Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 4-nji ýyl talyby Aýgül Çaryýewa;

  • 2-nji orna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby Diýar Yhtyýarow;

  • Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 5-nji ýyl talyby Nepes Saparnazarow;

  • Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby Jennet Bäşimowa;

  • 3-nji orna Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 5-nji ýyl talyby Gunça Gurbanowa;

  • Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 4-nji ýyl talyby Gülnabat Saparowa;

  • Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 5-nji ýyl talyby Gülzada Guldurdyýewa;

  • Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň 5-nji ýyl talyby Amangeldi Berdiýew dagy mynasyp boldy.

Ýeňijilere Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň taýýarlan diplomlary, şeýle hem ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Iň täze habarlar

Žurnalistlere döredijilik gollanmasy neşir edildi

Golaýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Agamyrat Mämmedowyň «Žurnalistiň döredijilik işiniň esaslary» atly okuw kitaby neşir edildi.
SalamNews

Maryda mekdep okuwçylarynyň arasynda robot bäsleşigi geçirildi

Mary welaýatynyň «Altyn göreç» okuw merkezinde okuwçylaryň arasynda robot tehnikasy boýunça bäsleşik geçirildi. Oňa welaýatyň orta mekdeplerinde bilim alýan okuwçylaryň köp sanlysy öz ýasan robot tehnikalary bilen gatnaşdylar.
SalamNews

Dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň «Dünýäniň okuw mekdepleriniň öňdeligini düzýän halkara guramalarynyň kesgitleýän sanawy» boýunça 2022-nji ýyl üçin ýyllyk maglumatyndan alnan dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleri baradaky täzelikleri size ýetirmegi makul bildik.
SalamNews