
Şu gün — 8-nji awgustda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Bişkekdäki akademiýasynyň 2022-2023-nji okuw ýyly üçin talyplyga kabul edişligi başlady.
Okuwyň möhleti 4 ýyl. Ol 1-nji sentýabrdan okuwyň gündizki görnüşinde okadylar.
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Bişkekdäki akademiýasy bu halkara guramanyň alyp barýan işlerini mynasyp şöhlelendirmek bilen, dünýä ýüzünde ýokary abraýdan peýdalanýar. Gyrgyzystanyň hökümeti we ÝHHG tarapyndan 2002-nji ýylda döredilen akademiýa bakalawr we magistr maksatnamalary boýunça ýokary hünär bilimini berýär. Şeýle hem ol her ýylda 20 — 25 talyby bäsdeşlik esasynda ykdysadyýet ugry boýunça bakalawr maksatnamasyna okuwa kabul edýär. Bu ýerde ykdysatçy bolmak isleýän talyplara halkara ösüş strategiýalary, ykdysadyýet we dolandyryş, menejment ugurlary boýunça tälim berilýär.

Okuwa girmek üçin bildirilýän talaplar:
Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň raýaty bolmaly;
Orta we orta hünär bilimini üstünlikli tamamlan (orta bilimi hakynda şahadatnamasy ýa-da orta hünär biliminiň diplomy) bolmaly;
Iňlis dilini gowy bilmeli. Onlaýn arzalaryňyz gelip gowşan soň, test synagyna çagyrylarsyňyz. (Eger-de dalaşgäriň halkara ykrar edilýän, iňlis dilini ýokary derejede bilýändigini tassyklaýan şahadatnamalary (TOEFL, TOEIC, IELTS) bar bolsa, ol synaga girmeýär);
Synagdan üstünlikli geçip, talyp bolanlar okuw töleginden boşadylyp, her aýda 110 ýewro möçberinde talyp haky bilen üpjün edilýär. Şeýle hem ýokary okuw mekdebi gidiş-geliş petekleriniň bahasyny, wiza çykdajylaryny, türkmen dalaşgärleri üçin lukmançylyk ätiýaçlandyrylyşyny öz üstüne alýar.
Arzalar 08.08.2022 ý. senede sagat 7:00-dan 14.08.2022 ý. senede sagat 13:00-a çenli kabul edilýär.
15-16-njy awgust aralygynda anketa görnüşindäki indiki synaga çagyrylyş haty birinji saýlawdan geçen dalaşgärlere elektron poçta arkaly iberiler. 17 — 19-njy awgustda matematika we iňlis dili boýunça onlaýn ýazmaça synag bolar. 20-nji awgustda synagyň netijeleri yglan ediler we kabul edilen dalaşgärleriň sanawy kesgitlener. 22-nji awgustda sagat 16:00-a çenli synaglardan geçen dalaşgäriň degişli resminamalary bilen bilelikde okuwa girmek isleýändigini tassyklaýan ýazmaça görnüşde onlaýn anketasyny görkezilen salga ýollamalydygy hakynda goşmaça habar berler.
Anketany şu ýerden dolduryp bilersiňiz.
Özüňizi gyzyklandyrýan başga sowallar boýunça ba-econ@osce-academy.net elektron salgysyna hat üsti bilen ýüz tutup bilersiňiz.