Şu gün
Aşgabat
24 °C
Ertir
Aşgabat
24 °C
Birigün
Aşgabat
24 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
24 °C

Sazlamalar

Diller

TM

Üns beriň! Ýapon dilini bilýänler üçin amatly mümkinçilik

SalamNews
Ylym-bilim / Bilim
Üns beriň! Ýapon dilini bilýänler üçin amatly mümkinçilik

5 — 9-njy sentýabr aralygynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynda ýapon dili boýunça test barlagyna girmek isleýänler üçin anketalar kabul edilip başlanýar. Bu barada Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy «SalamNews-a» habar berdi.

«JLPT» — bu Ýaponiýada we daşary ýurtlarda ene dili ýapon bolmadyklaryň bu dili nähili bilýändigini kesgitlemek üçin geçirilýän dünýädäki iň uly ýapon dili synagydyr. Ony üstünlikli geçenlere şahadatnama berilýär.

Oňa gatnaşmak isleýän meýletinçiler synag gollanmasyny we anketasyny Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasyndan alyp bilerler.

Bellik:

Anketalary alanyňyzdan soň, ony öýüňizde doldurmaly. Tabşyrmaga geleniňizde bolsa anketany giriş petegi bilen bilelikde ilçihana tabşyrmaly. Anketalar irden: 09:30 — 12:45-e, öýlän 14:00 — 17:00-a çenli kabul edilýär.

Synaglara girmek üçin tölegler şu möçberde bolar:

  • N1 — 200 manat;

  • N2 — 180 manat;

  • N3 — 160 manat;

  • N4 — 140 manat;

  • N5 — 120 manat.

Synaglary 4-nji dekabrda geçirmek meýilleşdirilýär. Onuň ýeri we sagady ýakyn wagtda ilçihananyň web sahypasynda ýerleşdiriler. Ilçihananyň salgysy «Paýtagt» söwda merkezi, 9-njy gat.

Goşmaça maglumat almak isleseňiz, şu ýere basyň.

Iň täze habarlar

30 müň ýyl mundan ozal ýaşan zenanyň ýüz keşbi dikeldildi

Braziliýaly alymlar 30 müň ýyl mundan ozal ýaşan zenanyň ýüz keşbini gaýtadan döretmegi başardylar.
SalamNews

Ildeşlerimiz Moskwada geçiriljek halkara hukuk bäsleşigine gatnaşarlar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara hukugy kafedrasynyň mugallymy Wekil Wekilow hem-de uniwersitetiň halkara hukugy we halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyplary Zöhre Geldyýewa, Döwlet Gurbanow, Nowruz Nurberdiýew Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçiriljek F.F.Martens adyndaky Halkara ynsanperwer hukugy bäsleşigine gatnaşmaga hukuk gazandylar.
SalamNews

XVI asyrda türkmençe ýazylan, dünýäde ýeke-täk nusgaly golýazmany «Dünýä hatyrasyna» hödürlemegiň mümkinçilikleri öwrenilýär

Ýakynda Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň paýtagty Amman şäherinde ÝUNESKO-nyň «Dünýä hatyrasy» Maksatnamasynyň çäginde halkara maslahat geçirildi.
SalamNews