Sazlamalar

Diller

TM

Türkmenistanyň we Russiýanyň bilim ulgamynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi

SalamNews
Ylym-bilim / Bilim
Türkmenistanyň we Russiýanyň bilim ulgamynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Russiýa Federasiýasynyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň bilim ministri Gurbangül Ataýewa we rus tarapyna bolsa Russiýa Federasiýasynyň ylym we ýokary bilim ministriniň orunbasary Konstantin Mogilewskiý ýolbaşçylyk etdiler. Oňa türkmen we rus ýokary okuw mekdepleriniň 20-den gowragynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň çäklerinde «Bilim ulgamyndaky türkmen-rus hyzmatdaşlygy» atly «tegelek stol» hem geçirildi. Taraplar dostlukly iki ýurduň bilim pudagyndaky oňyn hyzmatdaşlygynyň ösüşi, onlaýn bilimi ösdürmegiň esasy ugurlary, uniwersitetleriň hyzmatdaşlygyny durmuşa geçirmekdäki tejribesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýaşlaryň işleri boýunça federal agentliginiň (Russiýa Federasiýasy) arasynda ýaşlar syýasaty babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň (Russiýa Federasiýasy) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekilendigini ozal size habar beripdik.

Iň täze habarlar

ABŞ türkmenistanlylary gysga möhletli okuwlara çagyrýar

Çeper eser, drama, goşgy ýa-da ssenariý ýazyjylary üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda 11 hepdelik gysga okuw mümkinçiligi yglan edildi.
SalamNews

26 müňden gowrak türkmen okuwçysy Aşgabatdaky uniwersitetiň guraýan olimpiadasyna gatnaşýar

Olimpiada etrap, welaýat we döwlet derejesinde 3 tapgyrda geçiriler.
SalamNews

Türkmen mugallymlary Ýaponiýanyň abraýly uniwersitetlerine okuwa ugradylýar

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk guramasy tarapyndan guralýan «Inženerçilik biliminde okatmagyň usullaryny kämilleşdirmek» atly okuw saparynda bolarlar.
Çaryguly Hanjaýew. «SalamNews».