
Şu gün — 12-nji awgustda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň döredilenine 25 ýyl dolýar. Ol Mary şäherindäki Ýokary tehniki kollejiň binýadynda Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň Karary bilen 1997-nji ýylyň 12-nji awgustynda döredildi.
Energetika ministrliginiň garamagyndaky pudaklaýyn ýokary okuw mekdebinde 4 fakultet we 13 kafedra hereket edýär. 2010-njy ýylyň 15-nji fewralynda institutyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze binalar toplumy ulanylmaga berildi. Ol 6 sany binalar toplumyndan ybaratdyr. Olar: administratiw-dolandyryş binasy, okuw binasy, tejribe binasy, sport zalynyň we naharhananyň binasy, hersi 250 orunlyk talyplara niýetlenen 2 sany umumy ýaşaýyş jaýy binalarydyr.

Institutyň okuw we tejribe binalary häzirki zaman interaktiw-multimedia, kompýuter tehnologiýalary, lingafon otaglary, öňdebaryjy okuw-tehniki enjamlary we abzallary, tehniki serişdeleri bilen üpjün edilendir. Umumy ýaşaýyş jaýlarynda talyplaryň ýaşamaklary, okamaklary we dynç almaklary üçin ähli amatlyklar we şertler bolup, olarda «Galkynyş», kompýuter, okalga, dynç alyş, gyzlar üçin tikinçilik otaglary bar.
Şeýle-de bularyň hatarynda döwrebap Tehniki serişdeler bölümi, kitaphana, ähli binalarda peýdalanmak mümkinçiligi bolan elektron kitaphana, internet otagy, okuw ussahanasy, 300 orunlyk dabaralar zaly, «Kuwwat» çeper höwesjeňler topary, talyplar sport kluby, sport meýdançalary aýtmak bolar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň edara-kärhanalary üçin zerur bolan energetika, senagat, maşyngurluşyk ugurlary boýunça dürli hünärdäki ýokary bilimli inženerler taýýarlanýar.

Häzirki wagta çenli ençeme hünärmenleri zähmet ýoluna ugradan Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň daşary ýurt ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk edýändigini hem bellemek gerek.