Şu gün
Aşgabat
32.2 °C
Ertir
Aşgabat
32.9 °C
Birigün
Aşgabat
32.3 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
32.2 °C

Sazlamalar

Diller

TM

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabaralary geçirildi

SalamNews
Ylym-bilim / Bilim

25-nji maýda Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň uçurymlary üçin soňky jaň kakyldy. Watanymyzyň ähli künjeklerinde belent maksatlara ýetmäge ruhlanan ýaş oglan-gyzlaryň on müňlerçesiniň durmuşyndaky ýatdan çykmajak waka — okuw ýylynyň tamamlanmagyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleri geçirildi.

Ir bilen mekdepleriň iň göreldeli uçurymlary, bilim ulgamynyň işgärleri Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine ajaýyp gül desselerini goýdular.

Dürli sport ýaryşlarynda hem-de ders bäsleşiklerinde ýeňiji bolan, döredijilik we çeper höwesjeňleriň gözden geçirilişlerinde çykyş edip, has tapawutlanan okuwçylara döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Däbe görä, ýurdumyzyň ähli mekdeplerinde baýramçylyk dabaralary geçirildi.

Agşam Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy, «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde bolsa sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Artistler aýdymlaryny ajaýyp paýtagtymyza, mähriban bilim ojaklaryna, Watanymyza hem-de türkmen halkymyza bolan söýgä bagyşladylar.

Orta mekdepleriň uçurymlarynyň hormatyna dürli medeni-köpçülikleýin çäreler Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda-da geçirildi.

Iň täze habarlar

Žurnalistlere döredijilik gollanmasy neşir edildi

Golaýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Agamyrat Mämmedowyň «Žurnalistiň döredijilik işiniň esaslary» atly okuw kitaby neşir edildi.
SalamNews

Maryda mekdep okuwçylarynyň arasynda robot bäsleşigi geçirildi

Mary welaýatynyň «Altyn göreç» okuw merkezinde okuwçylaryň arasynda robot tehnikasy boýunça bäsleşik geçirildi. Oňa welaýatyň orta mekdeplerinde bilim alýan okuwçylaryň köp sanlysy öz ýasan robot tehnikalary bilen gatnaşdylar.
SalamNews

Dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň «Dünýäniň okuw mekdepleriniň öňdeligini düzýän halkara guramalarynyň kesgitleýän sanawy» boýunça 2022-nji ýyl üçin ýyllyk maglumatyndan alnan dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleri baradaky täzelikleri size ýetirmegi makul bildik.
SalamNews