Şu gün
Aşgabat
31.1 °C
Ertir
Aşgabat
32.9 °C
Birigün
Aşgabat
32.3 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
31.1 °C

Sazlamalar

Diller

TM

Türkmenistanly okuwçylar robot tehnikasy boýunça halkara bäsleşige gatnaşdylar

SalamNews
Ylym-bilim / Bilim

30-njy iýunda «Makeblock» we «MakeX» hytaý kompaniýalarynyň guramagynda, 65 ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda onlaýn görnüşde robot tehnikasy boýunça halkara bäsleşik geçirildi. Oňa Türkmenistandan «Imdatbot» çagalar robot tehnikalaryny öwrediji merkeziň okuwçylary onlaýn görnüşde gatnaşdylar.

Iki ýaş toparçasynda guralan bäsleşikde çagalar öň berlen tema boýunça özleriniň taslamalaryny hödürleýärler. Şu ýylda geçirilýän bäsleşigiň baş temasy «Az uglerodly ýaşaýyş» boldy.

Türkmenistanly çagalaryň şular ýaly halkara bäsleşige ilkinji gezek gatnaşýandyklaryna garamazdan, olar ýumuşlary birkemsiz ýerine ýetirdiler. Hödürlenen tema boýunça çagalar elektromobiller, ýel energiýasyny öndürmegiň ýollary, hojalyk ekinleriniň goralmagy, «akylly» öý baradaky özleriniň pikirlerini we tekliplerini beýan etdiler.

«MakeX Spark» diýlip atlandyrylan halkara bäsleşik 6 — 13 ýaşlaryndaky çagalaryň arasynda geçirilýär. Döwrebap ylmy ugurlarda çagalaryň arasynda şunuň ýaly halkara bäsleşikleriň geçirilmegi olaryň döredijilikli pikirlenip bilmek ukyplaryny artdyrýar.

Iň täze habarlar

Şu ýyl 160 müň okuwça öwrediji kompýuter sowgat berler

2011-nji ýyldan bäri her ýyl ýurdumyzyň mekdeplerine ilkinji gezek gadam basýan okuwçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan kompýuterler sowgat berilýär.
SalamNews

TYA-nyň Himiýa instituty ýokary okuw mekdepleri bilen ylmy hyzmatdaşlygy ösdürýär

Şu gün — 18-nji awgustda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda «Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-barlag institutlary bilen ylmy hyzmatdaşlygy» atly ylmy-seminar maslahaty geçirildi. Onuň çäginde TYA-nyň Himiýa institutynyň ylmy-barlag işleriniň, oýlap tapyşlarynyň sergisi guraldy.
SalamNews

Üns beriň! Ýapon dilini bilýänler üçin amatly mümkinçilik

«JLPT» — bu Ýaponiýada we daşary ýurtlarda ene dili ýapon bolmadyklaryň bu dili nähili bilýändigini kesgitlemek üçin geçirilýän dünýädäki iň uly ýapon dili synagydyr. Ony üstünlikli geçenlere şahadatnama berilýär.
SalamNews