Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Türkmen ýaşlarynyň 25-si Russiýa okuwa iberiler

SalamNews
Ylym-bilim / Bilim
Türkmen ýaşlarynyň 25-si Russiýa okuwa iberiler

Şu ýyl türkmen ýaşlarynyň 25-sini Russiýanyň degişli ýokary okuw mekdeplerine okuwa ibermek meýilleşdirilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan 2023-2024-nji okuw ýylyndan başlap Russiýa Federasiýasynyň medeniýet we sungat ugurly ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin teatr, sirk sungaty hem-de döredijiligiň beýleki ugurlaryndan zehin-başarnygy bolan, rus dilini kämil bilýän, ýaşy 25-den geçmedik, saýlanyp alnan hünär ugrundan ukybyny görkezip biljek türkmen ýaşlaryny seçip almak işlerine girişildi.

Okuwa girjekleriň resminamalaryny kabul etmek işleriniň Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kabul ediş iş topary tarapyndan şu ýylyň 25-nji martyna çenli dowam edýändigini ozal size habar beripdik.

Ins­ti­tu­tyň sal­gy­sy: Aş­ga­bat şä­he­riniň 1945-nji (10 ýyl Aba­dan­çy­lyk) kö­çesiniň 114-nji ja­ýy.

Ha­bar­laş­mak üçin te­le­fon bel­gi­si: 48-21-45.

Iň täze habarlar

Talyplaryň arasynda geçirilen hakaton bäsleşigiň jemi jemlendi

Ýakynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen «Önümçiligi awtomatlaşdyrmakda emeli aňy ulanmak» atly programma düzüjileriň bäsleşiginiň (hakaton) ýeňijileri mälim edildi.
SalamNews

Türkmenistanda «Ýylyň talyby — 2023» bäsleşigiň ýeňijisi mälim edildi

Golaýda «Ýylyň talyby — 2023» Döwlet bilim bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guraýan bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 5-nji ýyl talyby Gülnabat Saparowa yglan edildi.
SalamNews

Synaglary üstünlikli tabşyrmagyň syrlary

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde 2022-2023-nji okuw ýyly tamamlandy.
SalamNews