Şu gün
Aşgabat
-2 °C
Ertir
Aşgabat
-2 °C
Birigün
Aşgabat
-2 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
-2 °C

Sazlamalar

Diller

TM

Soçi şäherinde okuw saparynda bolarlar

SalamNews
Ylym-bilim / Bilim
Soçi şäherinde okuw saparynda bolarlar

10 — 14-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde Maliýe monitoringi baradaky Federal gullugy tarapyndan geçiriljek Maliýe howpsuzlygy boýunça halkara olimpiada türkmen talyplarynyň 10-sy gatnaşar. Ýakynda olar ýurdumyzdan Russiýa Federasiýasyna tarap ýola düşerler.

Halkara olimpiada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugynyň Halkara we pudagara hyzmatdaşlygyny utgaşdyryş müdirliginiň orunbasary Maksat Kulyýew, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugynyň maglumat tehnologiýasy bölüminiň başlygy Begenç Çaryýew, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň maliýe kafedrasynyň müdiri Abdykerim Muhanow, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň maliýe fakultetiniň talyplary Serdar Berdiýew,  Guwançmurat Arazklyçew, Ahmet Çaryýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Çary Rahmanow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Jepbar Asgarow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Aýmaral Ýazmyradowa, Döwlet Gurbanow, Atajan Metjiýew, Parahat Iljanow we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Baýnazar Nepesow dagy gatnaşar.

Halkara olimpiadanyň maksady ýaş nesliň maglumat, maliýe we hukuk sowatlylygyny artdyrmakdan, maliýe howpsuzlygy boýunça okuw-öwrenijilik işjeňligini höweslendirmekden ybaratdyr.

Ýeri gelende bellesek, 2022-nji ýylyň 16 — 20-nji maýy aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Maliýe monitoringi baradaky Federal gullugy tarapyndan wideo aragatnaşygy arkaly geçirilen Maliýe howpsuzlygy boýunça halkara olimpiadanyň 1-nji (saýlama) tapgyryna Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşyp, olaryň 10-sy saýlanyp alyndy.

Iň täze habarlar

2022-nji ýy­lyň adal­ga­sy­ saý­lan­dy

Oksford sözlügi 2022-nji ýylyň adalgasyny saýlady. Ýylyň adalgasy hökmünde «Goblin mode» saýlandy. Bu adalga 318 müň 956 ses alypdyr — diýip, ntv.com.tr habar berýär.
SalamNews

Belarusda okamak isleýänler üçin uly mümkinçilik

Belarus Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek isleýänlerden arzalar 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli kabul edilýär.
SalamNews

Dünýä halklarynyň milli tagamlarynyň sergisi Bitaraplyk baýramyna bagyşlandy

Ýakynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda «Bitarap Türkmenistan — parahatçylygyň we dostlugyň mekany» atly dabaraly çäre geçirildi.
SalamNews