Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Türkmen talyplary halkara internet olimpiadasyna gatnaşdylar

SalamNews
Ylym-bilim / Bilim
Türkmen talyplary halkara internet olimpiadasyna gatnaşdylar

Ýakynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyp ýaşlary ekologiýa dersi boýunça açyk halkara internet olimpiadasynyň birinji tapgyryna onlaýn görnüşde gatnaşdylar.

18-nji marta çenli dowam eden internet olimpiadasy 1 — 4-nji ýyl talyplaryň arasynda geçirildi. Şahsy görnüşde geçirilen halkara internet olimpiadasyna gatnaşyjylar 120 minudyň dowamynda organizm we daşky gurşaw, ekosistema, biosfera we adam, daşky gurşawy goramak bilen bagly soraglara jogap berdiler.

Olimpiadanyň jemi jemlenenden soň, onuň ýeňijilerine I, II, III derejeli diplomlar gowşurylar. Berlen ýumuşlary adaty däl ýol bilen çözen talyp bolsa aýratyn diplom bilen sylaglanar.

Iň täze habarlar

Türkmen ýaşlarynyň 25-si Russiýa okuwa iberiler

Şu ýyl türkmen ýaşlarynyň 25-sini Russiýanyň degişli ýokary okuw mekdeplerine okuwa ibermek meýilleşdirilýär.
SalamNews

Bütindünýä kitap paýtagty mälim edildi

Gana döwletiniň paýtagty Akkra şäheri ÝUNESKO tarapyndan 2023-nji ýyl üçin Bütindünýä kitap paýtagty diýip ykrar edildi.
SalamNews

Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy dersi boýunça halkara internet olimpiadasy yglan edildi

Gatnaşyjylara baha bermek üçin Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekillerinden eminler topary düzülýär.
SalamNews