Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Türkmen talyplary Garagum sährasynda tejribe okuw saparynda boldular

SalamNews
Ylym-bilim / Bilim

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ekologiýa we tebigatdan peýdalanmak taýýarlyk ugrunyň talyplary Garagum sährasyna tejribe okuw saparyny amala aşyrdylar.

Göçme sapagyň dowamynda talyplara Garagum sährasynyň tebigy şertleri, ösümlik we haýwanat dünýäsi, dermanlyk ösümlikleri barada giňişleýin maglumat berildi. Mundan başga-da, Garagumda gurlan «Altyn asyr» Türkmen kölüniň we onuň şor suw akabalarynyň sähranyň çöl landşaftlaryna edýän oňaýly täsirleri düşündirildi. Talyplar bu ýerde öz diplom işleri bilen bagly zerur maglumatlary topladylar.

Häzirki wagtda uniwersitetiň talyplary tarapyndan «Zeý we lagym suwlaryny arassalamak we gaýtadan peýdalanmak», «Durmuş gaty galyndylaryny (esasan hem, polietilen önümlerini) gaýtadan işlemek we täze önümleri almak» ýaly temalarda tebigatymyzy goramak boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.

Ýeri gelende bellesek, ekologiýa we tebigatdan peýdalanmak taýýarlygyň ugrunyň talyplaryna innowasion tehnologiýalaryň ylmy esaslary dersi boýunça ýurdumyzyň dürli ylmy-barlag edaralarynda, döwlet tebigy goraghanalarynda ýygy-ýygydan göçme tejribe okuw sapaklary geçilýär. Geçirilýän okuw sapaklarynyň dowamynda talyplar degişli edaralaryň ylmy işgärleriniň alyp barýan ylmy işleri bilen tanyşdyrylýar.

Iň täze habarlar

Türkmen ýaşlarynyň 25-si Russiýa okuwa iberiler

Şu ýyl türkmen ýaşlarynyň 25-sini Russiýanyň degişli ýokary okuw mekdeplerine okuwa ibermek meýilleşdirilýär.
SalamNews

Bütindünýä kitap paýtagty mälim edildi

Gana döwletiniň paýtagty Akkra şäheri ÝUNESKO tarapyndan 2023-nji ýyl üçin Bütindünýä kitap paýtagty diýip ykrar edildi.
SalamNews

Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy dersi boýunça halkara internet olimpiadasy yglan edildi

Gatnaşyjylara baha bermek üçin Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekillerinden eminler topary düzülýär.
SalamNews