
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara hukugy kafedrasynyň mugallymy Wekil Wekilow hem-de uniwersitetiň halkara hukugy we halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyplary Zöhre Geldyýewa, Döwlet Gurbanow, Nowruz Nurberdiýew Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçiriljek F.F.Martens adyndaky Halkara ynsanperwer hukugy bäsleşigine gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Ildeşlerimiz 3 — 7-nji oktýabrda geçiriljek halkara bäsleşige gatnaşmak üçin ýola düşdüler. Bäsleşik Halkara Gyzyl Haç jemgyýeti tarapyndan guralýar. Oňa birnäçe döwletiň uniwersitetleriniň hukuk fakultetleriniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşýarlar.
Biz hem bäsleşige gatnaşýan türkmen toparyna üstünlik arzuw edýäris.