Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga çagyrýar
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryny «Döwletiň durnukly ösüşinde ýaşlaryň orny» atly onlaýn görnüşde geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga çagyrýar.
26-njy aprelde geçiriljek bu maslahat özara bähbitli ylmy-amaly bilimleri we tejribeleri öwrenmäge mümkinçilik döreder.
Maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler çykyşlarynyň tezislerini 1-nji aprele çenli tsiem.conference@gmail.com elektron poçtasyna ibermelidir.
Türkmen, rus we iňlis dillerinde geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahat aşakda görkezilen 3 bölümde geçiriler:
I bölüm. Ýaşlaryň hünär bilimi.
II bölüm. Ýaşlaryň zähmet bazary.
III bölüm. Ýaşlar telekeçiliginde menejment.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 12) 48-62-71.