Şu gün
Aşgabat
25 °C
Ertir
Aşgabat
25 °C
Birigün
Aşgabat
25 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
25 °C

Sazlamalar

Diller

TM

ABŞ-nyň Tulane uniwersiteti bakalawr maksatnamasy boýunça talyp hakly okuwlara çagyrýar

SalamNews
Ylym-bilim / Bilim
ABŞ-nyň Tulane uniwersiteti bakalawr maksatnamasy boýunça talyp hakly okuwlara çagyrýar

1834-nji ýylda döredilen Tulane uniwersiteti ABŞ-nyň Luisiana ştatynyň Täze Orlean sebitinde ýerleşýän hususy ýokary okuw mekdebidir. Häzirki wagtda bu uniwersitetde 11 müňden gowrak talyba binagärlik, telekeçilik, hukuk, ynsanperwer we jemgyýetçilik ylymlary, lukmançylyk we tropiki lukmançylyk, inženerçilik ugurlary boýunça bakalawr, magistr maksatnamalary esasynda bilim berilýär.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan diplomy ykrar edilýän uniwersitetiň talyplary üçin okuwdan daşary tejribelikleri geçmäge-de mümkinçilikler döredilendir. Bu ýokary okuw mekdebinde okap, bakalawr derejesini almak isleýän dalaşgärler onlaýn görnüşde arza tabşyrmagyň düzgünleri bilen şu ýerden tanşyp bilerler.

Bildirilýän talaplar:

  • Daşary ýurtly bolmaly (ABŞ-nyň raýaty bolmaly däl).

  • Uniwersitetiň web saýtynda hasaba alynmaly.

  • SAT, ACT, GRE ýa-da GMAT synaglarynyň netijelerini tabşyrmaly.

  • Iňlis dilini gowy bilmeli.

Resminamalary tabşyrmagyň soňky möhleti: 05.12.2022 ý.

Goşmaça maglumatlary şu ýerden alyp bilersiňiz.

Resminamalaryňyzy şu ýere tabşyryp bilersiňiz.

Iň täze habarlar

Soçi şäherinde okuw saparynda bolarlar

10 — 14-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde Maliýe monitoringi baradaky Federal gullugy tarapyndan geçiriljek Maliýe howpsuzlygy boýunça halkara olimpiada türkmen talyplarynyň 10-sy gatnaşar.
SalamNews

30 müň ýyl mundan ozal ýaşan zenanyň ýüz keşbi dikeldildi

Braziliýaly alymlar 30 müň ýyl mundan ozal ýaşan zenanyň ýüz keşbini gaýtadan döretmegi başardylar.
SalamNews

Ildeşlerimiz Moskwada geçiriljek halkara hukuk bäsleşigine gatnaşarlar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara hukugy kafedrasynyň mugallymy Wekil Wekilow hem-de uniwersitetiň halkara hukugy we halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyplary Zöhre Geldyýewa, Döwlet Gurbanow, Nowruz Nurberdiýew Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçiriljek F.F.Martens adyndaky Halkara ynsanperwer hukugy bäsleşigine gatnaşmaga hukuk gazandylar.
SalamNews