Şu gün
Aşgabat
22 °C
Ertir
Aşgabat
22 °C
Birigün
Aşgabat
22 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
22 °C

Sazlamalar

Diller

TM

«SalamNews» Siziň üçin täze okuw ýylyna almaly harytlaryň sanawyny düzdi

SalamNews
Ylym-bilim / Bilim
«SalamNews» Siziň üçin täze okuw ýylyna almaly harytlaryň sanawyny düzdi

Ozal habar berşimiz ýaly, ýurdumyzyň mekdep bazarlarynda söwda gyzgalaňly dowam edýär. «Ýiti akyldan kütek galam ýagşy» diýlişi ýaly, bazara ýa-da dükana köpräk haryt almaga gideniňizde almaly zatlaryňyzyň sanawyny düzmegi maslahat berýäris. «SalamNews-yň» Siziň üçin taýýarlan sanawyndaky esbaplary okuwçylaryň sanyna görä satyn alyp bilersiňiz:

Okuw esbaplary:

  • gündelik, depder (inçe, umumy we sözlük), kitap-depderlere daşlyk;

  • surat çekilýän depder, reňkli kagyzlar;

  • syýagalam, gara galam, reňkli galamlar, galam ýonguç, dürli boýaglar we çotgajyk, flomaster;

  • çyzgyç, bozguç, sirkul, ýelim, plastilin, okuw gaýçysy, penal;

  • kalkulýator;

  • geografiki atlas;

  • saglyk torbasy we beýlekiler.

Oglanlaryň egin-eşikleri:

  • okuw torbasy;

  • tahýa, ak köýnek, boýunbag, penjek, gara balak;

  • köwüş, jorap, kemer;

  • baýdak nyşany;

  • elýaglyk;

  • bedenterbiýe eşigi.

Gyzlaryň egin-eşikleri:

  • okuw torbasy;

  • tahýa, köýnek we reňkdeş penjek, ak fartuk;

  • köwüş, jorap;

  • baýdak nyşany;

  • gülýaka, saç temençesi, bogguç we ş.m.

«SalamNews» Size täze okuw ýylynda täze üstünlikleri arzuw edýär!

Iň täze habarlar

30 müň ýyl mundan ozal ýaşan zenanyň ýüz keşbi dikeldildi

Braziliýaly alymlar 30 müň ýyl mundan ozal ýaşan zenanyň ýüz keşbini gaýtadan döretmegi başardylar.
SalamNews

Ildeşlerimiz Moskwada geçiriljek halkara hukuk bäsleşigine gatnaşarlar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara hukugy kafedrasynyň mugallymy Wekil Wekilow hem-de uniwersitetiň halkara hukugy we halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyplary Zöhre Geldyýewa, Döwlet Gurbanow, Nowruz Nurberdiýew Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçiriljek F.F.Martens adyndaky Halkara ynsanperwer hukugy bäsleşigine gatnaşmaga hukuk gazandylar.
SalamNews

XVI asyrda türkmençe ýazylan, dünýäde ýeke-täk nusgaly golýazmany «Dünýä hatyrasyna» hödürlemegiň mümkinçilikleri öwrenilýär

Ýakynda Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň paýtagty Amman şäherinde ÝUNESKO-nyň «Dünýä hatyrasy» Maksatnamasynyň çäginde halkara maslahat geçirildi.
SalamNews