Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Makroykdysadyýet we dünýä ykdysadyýeti boýunça halkara internet olimpiadalary yglan edildi

SalamNews
Ylym-bilim / Bilim
Makroykdysadyýet we dünýä ykdysadyýeti boýunça halkara internet olimpiadalary yglan edildi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň arasynda makroykdysadyýet hem-de dünýä ykdysadyýeti dersleri boýunça açyk halkara internet olimpiadalaryny yglan etdi.

Institut 12-nji aprelde makroykdysadyýet we 16-njy maýda hem dünýä ykdysadyýeti dersleri boýunça geçiriljek olimpiadalara gatnaşmaga çagyrýar. Olimpiadalar türkmen, rus we iňlis dillerinde alnyp barlar.

Olara okaýan hünärine garamazdan, her ýokary okuw mekdepden 4 talyp gatnaşyp biler. Olimpiadalara gatnaşyjylar baradaky maglumatlar tsiem.olymp@gmail.com we charysha@gmail.com elektron poçta salgylaryna iberilmelidir.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

(+993 12) 48-62-87,

(+993 65) 80-45-36,

(+993 12) 48-62-86,

(+993 65) 71-09-49.

Iň täze habarlar

Türkmen ýaşlarynyň 25-si Russiýa okuwa iberiler

Şu ýyl türkmen ýaşlarynyň 25-sini Russiýanyň degişli ýokary okuw mekdeplerine okuwa ibermek meýilleşdirilýär.
SalamNews

Bütindünýä kitap paýtagty mälim edildi

Gana döwletiniň paýtagty Akkra şäheri ÝUNESKO tarapyndan 2023-nji ýyl üçin Bütindünýä kitap paýtagty diýip ykrar edildi.
SalamNews

Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy dersi boýunça halkara internet olimpiadasy yglan edildi

Gatnaşyjylara baha bermek üçin Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekillerinden eminler topary düzülýär.
SalamNews