Mekdep okuwçylarynyň arasynda robot tehnikasy boýunça bäsleşik geçirildi
Şu gün Aşgabat şäherindäki 97-nji ýöriteleşdirilen orta mekdepde okuwçylaryň arasynda robot tehnikasy boýunça bäsleşik geçirildi. Oňa paýtagtymyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan okuwçylaryň 200-e golaýy öz ýasan robot tehnikalary bilen gatnaşdylar.
Robot tehnologiýalarynyň bäsleşigi 4 ugurda geçirilip, onuň birinji ugry okuwçylaryň ýasan robot maşynlarynyň ýaryşydyr. Ikinji ugurda okuwçylaryň ýasan robotlarynyň çyzgyny yzarlap, takyk we çalt hereketlenip bilşine baha berildi. Tehnologiýa şüweleňiniň üçünji ugry «Auto Sumo» görnüşinde geçirilip, onda awtomatik usulda öz-özüni dolandyryp bilýän robotlaryň takyk hereketine baha berildi. Ýaryşyň dördünji ugry «Mars Rover» diýlip atlandyrylyp, onda okuwçylaryň robotlary has päsgelçilikli ýolda hereketlendirip we dolandyryp bilişlerine seredildi.
Paýtagtymyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen robot tehnologiýalary boýunça bäsleşigiň dowamynda okuwçylaryň döreden we oýlap tapan zatlary bilen tanyşdyrýan ýörite sergi hem guraldy. Tehnologiýa şüweleňi aýratyn köp adamly bolup, oňa mekdep okuwçylary, ene-atalar, mugallymlar we dürli ýaşdaky myhmanlar geldiler. Mekdep okuwçylarynyň arasynda döwrebap tehnikalara bolan gyzyklanmany has-da artdyran döredijilik bäsleşiginiň ahyrynda, ýeňijilere we oňa gatnaşyjylara ýörite taýýarlanan sowgatlar gowşuryldy.