Şu gün
Aşgabat
21 °C
Ertir
Aşgabat
21 °C
Birigün
Aşgabat
21 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
21 °C

Sazlamalar

Diller

TM

Ýurdumyzda mekdep bazarlary açyldy

SalamNews
Ylym-bilim / Bilim

Kimleriň arzuwy, kimleriň wysaly bolan 1-nji sentýabr — Bilimler we talyp ýaşlar güni ýetip gelýär. Bosagada — täze okuw ýyly. Ýurdumyzyň ähli künjeginde täze okuw ýylyna giňden taýýarlyk görülýär. Şu günler ýurdumyzda mekdep bazarlary öz işine başlady.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan guralýan mekdep bazarlaryndan ilkinji gezek mekdep bosagasyndan ätleýän körpejeler, okuwçylardyr talyplar gerekli okuw esbaplaryny satyn alyp bilerler.

Ýurdumyzda mekdep bazarlary açyldy

Mekdep bazarlarynda ýurdumyzyň telekeçileri we Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan öndürilen harytlaryň agdyklyk edýändigi aýratyn bellenmeli. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, hususyýetçileriň tikinçilik kärhanalarynda tikilen dürli ölçegdäki mekdep lybaslary özüniň köpdürlüligi we göze gelüwliligi bilen tapawutlanýar.

Olaryň arasynda okuwçy gyzlar üçin milli bezegli köýneklerdir penjekler, fartuklar, zähmet sapagynda geýmek üçin lybaslar, şeýle-de oglanlaryň egin-eşikleridir aýakgaplary, tahýalar bar. Dürli görnüşli ýantorbalar hem bazaryň tekjelerine bezeg berýär.

Ýurdumyzda mekdep bazarlary açyldy

Iň täze habarlar