Şu gün
Aşgabat
-2 °C
Ertir
Aşgabat
-2 °C
Birigün
Aşgabat
-2 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
-2 °C

Sazlamalar

Diller

TM

Iňlis dilinde düzme ýazmak boýunça bäsleşigiň jemi jemlendi

SalamNews
Ylym-bilim / Bilim
Iňlis dilinde düzme ýazmak boýunça bäsleşigiň jemi jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 9 — 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda yglan eden iňlis dilinde düzme ýazmak boýunça bäsleşiginiň jemi jemlendi. Oňa gatnaşanlar «Garaşsyzlyk — bagtymyz» diýen tema boýunça düzme ýazmakda üç tapgyrda bäsleşdiler. Bu barada turkmenmetbugat.gov.tm habar berýär.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli geçirilen bäsleşikde oňa gatnaşanlar dil başarnyklaryny, söz ussatlyklaryny, pikirleniş ukyplaryny açyp görkezdiler.

Emin agzalarynyň gelen netijeleri boýunça Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika we matematika okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Müsür Gutlymyradowa baş baýraga eýe boldy.

Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Gülnäzik Garabaýewa birinji orna, Mary şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Bahar Maksadowa, Kaka etrabyndaky ýöriteleşdirilen 17-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Jennet Kürtowa ikinji orna, Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Malika Ýoldaşewa, Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika we matematika okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Gülsere Garryjaýewa, Baýramaly şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Gülnabat Annaýewa üçünji orna mynasyp görüldiler.

Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat hatlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Iň täze habarlar