Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Talyplaryň arasynda fotožurnalistika boýunça bäsleşik yglan edildi

SalamNews
Ylym-bilim / Bilim
Talyplaryň arasynda fotožurnalistika boýunça bäsleşik yglan edildi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Dana Pyragy we gözel türkmen tebigaty» atly fotožurnalistika bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşige ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika hünärinde okaýan talyplary, şeýle hem dürli ugurlarda ýokary bilim alýan ýaşlar gatnaşyp bilerler.

Basleşige gatnaşýan her bir talyp https://iuhd.edu.tm/competition/84 internet sahypasy arkaly hasaba alynmalydyr. Bäsleşige gatnaşyjylary hasaba almak 2023-nji ýylyň 5-nji maýyndan 20-nji maýy aralygynda dowam eder.

Bäsleşik iki dereje boýunça geçirilýär. I derejä žurnalistika hünärinde bilim alýan talyplar, II derejä žurnalistika hünärinden başga, islendik hünärde okaýan talyplar gatnaşyp bilerler.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler degişli tema boýunça alan fotosuratlaryny 20-nji maýa çenli iuhd.socialcontest@gmail.com elektron poçtasyna ugratmalydyrlar. Bäsleşige hödürlenýän suratlar ozal çap edilmedik we göçürilmedik bolmalydyr.

Iň gowy suratlaryň awtorlary diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanar.

Iň täze habarlar